Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de uç­ýan tak­si­le­re ni­ýet­le­nip gu­rul­ýan wer­ti­port (uç­ýan ulag­la­ra ni­ýet­le­nen men­zil) res­mi ýag­daý­da ta­nyş­dy­ryl­dy. «Du­baý hal­ka­ra wer­ti­por­ty» diý­lip at­lan­dy­ry­lan des­ga­nyň şä­he­riň ulag ul­ga­my­ny düýp­gö­ter üýt­get­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Şä­he­riň Hal­ka­ra ae­ro­por­ty­nyň go­la­ýyn­da gu­rul­ýan bu des­ga 3 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak meý­dan­da ýer­le­şip, uç­ýan tak­si­le­re de­giş­li äh­li zat göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Bu ýer­de uç­ýan ulag­la­ra zar­ýad ber­ýän be­ket­ler, ýo­lag­çy­lar üçin ga­ra­şyl­ýan zal­lar, uç­ýan ulag­la­ryň gon­ma­gy we uç­ma­gy üçin meý­dan­ça bar. Wer­ti­port her ýyl­da 42 müň uçu­şy ka­bul edip bil­ýär. Bu bol­sa, 170 müň ýo­lag­ça hyz­mat edip bol­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar.
Şä­her­de şeý­le wer­ti­port­la­ryň ýe­ne 3-si gur­lar – şä­her mer­ke­zin­de, Du­baý Ma­ri­na se­bi­tin­de we Palma Ju­meý­ra ada­syn­da. Wer­ti­port gel­jek ýy­lyň ba­şyn­da tä­jir­çi­lik mak­sat­ly işe gi­ri­zi­ler.

Orazberdi ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.