Uzak wagtdan bäri uçýan awtoulaglaryň üstünde işlenilýär. Häzirki wagtda uçýan kiçi göwrümli ulaglardan peýdalanylýan hem bolsa, adaty maşynyň uçýan görnüşi ýok. Indi bolsa, amerikan işewüri Ilon Maskyň maliýeleşdirýän taslamasynyň çäklerinde uçýan ulagyň synagy ýola goýuldy. Ulag ganatlaryny açmazdan 170 kilometr aralygy uçup geçip bilýär. Ulagyň bahasynyň 300 müň amerikan dollarydygy mälim edildi. Uçary işläp taýýarlaýan ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky San Mateo şäherindäki «Alef» kompaniýasy iki aeroport bilen synag uçuşlaryny amala aşyrmak üçin şertnama baglaşdy. Ulagyň daşyndan görünýän hiç hili ganaty ýok. Adaty ýollarda sürüp bolýan ulag dikligine uçup hem gonup bilýär.