UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary geçirildi. 2 oýun golsuz tamamlanyp, 5 duşuşykda myhmanlar ýeňiş gazandy.
Kiýewiň Dinamo Polşada Kipriň “Pafos” topary bilen duşuşyp, 1-0 hasabynda asgyn geldi. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 84-nji minutda Anderson geçirdi. Demirgazyk Makedoniýanyň “Şkendiýa” topary bilen Azerbaýjanyň “Garabag” toparynyň arasyndaky oýunda-da şeýle netije hasaba alnyp, Hazarýaka ýurduň çempiony Baýramowyň 18-nji minutda penaltiden geçiren goly esasynda ýeňiş bilen dolandy. Gazagystanyň “Kairat” topary Satpaýewiň 90-njy minutda penaltiden geçiren ýeke-täk goly bilen “Slowan Bratislawany” 1-0 hasabynda utdy. Serbiýanyň çempiony “Srwena Zwezda” topary Polşanyň çempiony “Leh Poznany” myhmançylykda Rade Kruniçiň (9, 51) hem-de Duarteniň (73) gollary esasynda 3-1 hasabynda ýeňip, pleý-off tapgyryna çykmak üçin uly mümkinçilik gazandy.
Çempion däl toparlaryň arasynda Şotlandiýanyň “Reýnjers” topary öz meýdançasynda çehleriň “Wiktoriýa Plzen” toparyny 3-0 hasabynda ýeňip, indiki tapgyryň bosagasyndan ilkinji ädimi ätdi. Şotland klubuna ýeňiş getiren gollary Gassama (15, 51) bilen Dessers (45 p) derwezä girizdi. Fransiýada “Benfika” topary ýerli “Nissa” toparyny Iwanowiç (53) hem-de Florentinonyň (88) gollary bilen 2-0 hasabynda utdy. Rotterdamda “Feýenoord” topary Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparyny kabul edip, oýnuň ahyrlarynda ýeňiş gazanmagy başardy (2-1; Timber 19, Hadj Mussa 90+1 – Amrabat 86). “Klub Brýugge” bolsa myhmançylykda “RB Salsburgy” Wermantyň 75-nji minutdaky ýeke-täk goly esasynda ýeňlişe sezewar etdi.
Jogap duşuşyklary 12-nji awgustda geçiriler.
3-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklarynyň netijeleri:
Malmö (Şwesiýa) – Kopengagen (Daniýa): 0-0
Dinamo Kiýew (Ukraina) – Pafos (Kipr): 0-1
Şkendiýa (D. Makedoniýa) – Garabag (Azerbaýjan): 0-1
Kairat (Gazagystan) – Slowan Bratislawa (Slowakiýa): 1-0
Leh Poznan (Polşa) – Srwena Zwezda (Serbiýa): 1-3
Ludogores Razgrad (Bolgariýa) – Ferenswaroş (Wengriýa): 0-0
Reýnjers (Şotlandiýa) – Wiktoriýa Plzen (Çehiýa): 3-0
RB Salsburg (Awstriýa) – Klub Brýugge (Belgiýa): 0-1
Nissa (Fransiýa) – Benfika (Portugaliýa): 0-2
Feýenoord (Niderlandlar) – Fenerbahçe (Türkiýe): 2-1
Pleý-off tapgyrynyň bijeleri (19-20-nji we 26-27-nji awgust):
Ludogores Razgrad/Ferenswaroş – Şkendiýa/Garabag,
Leh Poznan/Srwena Zwezda – Dinamo Kiýew/Pafos,
Bude-Glimt (Norwegiýa) – Şturm Gras (Awstriýa),
Seltik (Şotlandiýa) – Kairat/Slowan Bratislawa,
Bazel (Şweýsariýa) – Malmö/Kopengagen,
Nissa/Benfika – Feýenoord/Fenerbahçe,
Reýnjers/Wiktoriýa Plzen – RB Salsburg/Klub Brýugge