UEFA Milletler Ligasynyň täze 2026/27 möwsüminiň bijeleri çekildi. Jemi 4 ligadan ybarat ýaryşda 54 ýygyndy bäsleşer. “A”, “B”, “C” Ligalarynyň hersinde 4 toparça bolup, olaryňam hersinde 4 ýygyndy çykyş eder. “D” Ligada bolsa 3 toparly 2 toparça bolup, olar yklymyň iň pes reýtingli toparlarydyr.
“A1” toparçada Italiýadyr Fransiýanyň, Belgiýanyň hem-de Türkiýäniň, “A2” toparçada Germaniýa bilen Niderlandlaryň, Serbiýa hem-de Gresiýanyň ýygyndylary duşuşar. “A3” toparçada Ispaniýa bilen Angliýanyň ýygyndylary esasy toparlar bolup, Horwatiýa bilen Çehiýa hem toparçanyň beýleki wekilleridir. “A4” toparçada kubogyň soňky eýesi Portugaliýanyň garşydaşlary Daniýanyň, Norwegiýanyň hem-de Uelsiň milli ýygyndylary boldy.
Ýaryşyň çempiony “A” Liganyň toparçalarynda çykyş edýän ýygyndylaryň biri bolup, her toparçada 1-2-nji orny eýelänler çärýek finala çykar.
“A1”: Fransiýa, Italiýa, Belgiýa, Türkiýe
“A2”: Germaniýa, Niderlandlar, Serbiýa, Gresiýa
“A3”: Ispaniýa, Horwatiýa, Angliýa, Çehiýa
“A4”: Portugaliýa, Daniýa, Norwegiýa, Uels
“B1”: Şotlandiýa, Şweýsariýa, Sloweniýa, D. Makedoniýa
“B2”: Wengriýa, Ukraina, Gruziýa, D. Irlandiýa
“B3”: Ysraýyl, Awstriýa, Irlandiýa, Kosowo
“B4”: Polşa, Bosniýa we Gersegowina, Rumyniýa, Şwesiýa
“C1”: Albaniýa, Finlýandiýa, Belarus, San Marino
“C2”: Garadag, Ermenistan, Kipr, Latwiýa/Gibraltar
“C3”: Gazagystan, Slowakiýa, Farer adalary, Moldowa
“C4”: Islandiýa, Bolgariýa, Estoniýa, Lýuksemburg/Malta
“D1”: Gibraltar/Latwiýa, Malta/Lýuksemburg, Andorra
“D2”: Litwa, Azerbaýjan, Lihtenşteýn
PDF









