Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenen 2025-nji ýylda ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek boýunça toplumlaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasyny işjeňleşdirmegi öňe sürdi. Şunda energetika geçişi we ulag arabaglanyşygy ýaly ileri tutulýan ugurlaryň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berildi. Muňa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda alnyp barlan işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Ulag meseleleri BMG-niň aýratyn iş ugry hökmünde onuň gün tertibinde hemişelik orny eýelemelidir. Türkmenistanyň bu ugurdaky syýasaty ulag meseleleri boýunça gepleşiklere ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýet bermäge gönükdirilendir.
Dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykýan häzirki zaman meýilleriniň seljermesi ulag-kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmeginiň has möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Üstaşyr ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, çig maly we taýýar önümleri daşamagyň döwrebap üpjünçilik ulgamyny gurmak, esasan-da, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin birleşdiriji şerte öwrülýär. Şu nukdaýnazardan, täze üstaşyr ulag merkezleriniň mümkinçilikleri örän uludyr. Olara ägirt giňişlikler, adam mümkinçilikleri çekilýär, düýpli maýa goýumlar goýulýar.
Demirgazyk – Günorta, Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça hereket edýän halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hakynda Türkmenistanyň, Eýranyň, Omanyň, Kataryň hem-de Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşyk (Aşgabat ylalaşygy), üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy hakynda «Lapis Lazuli» Ylalaşygy, Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýol geçelgesi iň döwrebap ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we multimodal daşamalary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Ýewropa – Kawkaz – Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) çäklerinde-de özgertmeler amala aşyrylýar.
Ulag ulgamynda halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyz Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO), Howa ulagynyň halkara assosiasiýasy (IATA), Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentligi (EASA), Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU), Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy, Halkara Deňiz Guramasy ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Ýokary tehnologiýaly optiki süýümli ulgamlaryň çekilmegi bilen, aragatnaşyk düzümleriniň sany yzygiderli artýar. Üstümizdäki ýylda Serhetabat – Hyrat ugry boýunça optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy gyzgalaňly dowam edýär. Bu taslama üstaşyr aragatnaşyk akymlarynyň möçberini artdyrmaga, Owganystanyň we Pakistanyň çäginden Hindistana çenli optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny geçirmäge mümkinçilik berer. Abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. «Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda» taslamanyň çäklerinde «X-Road» platformasyny ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu platforma döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlary has çalt we ygtybarly alyşmaga ýardam berer.
Kibergiňişlikde sanly ulgamyň howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň
başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň dünýäniň tehnologiýa taýdan ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, ýurdumyzyň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen Konwensiýalara goşulmagy bilen bagly zerur çäreleri görmek, milli kanunçylygy halkara resminamalara laýyklykda kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.
Çeper GYLYJOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
PDF









