Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da hä­zir­ki za­man ulag-üs­ta­şyr lo­gis­tik, ara­gat­na­şyk we te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry uly ösüş­le­re eýe bol­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hä­zir­ki döw­rüň tä­ze ta­ry­hy şert­le­rin­de dün­ýä­niň bi­te­wü­li­gin­den ugur al­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ýö­ret­mek bi­len, ze­mi­niň äh­li ýurt­la­ry­nyň öza­ra saz­la­şyk­ly ösü­şi­ne ýar­dam ed­ýän üs­ta­şyr ulag inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny eme­le ge­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär hem-de şol baş­lan­gyç­la­ryň gaý­ra­go­ýul­maz­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hu­su­san-da, ulag-üs­ta­şyr hyz­mat­daş­ly­gyn­da hal­ka­ra hu­kuk esas­la­ry eme­le ge­tir­ýän me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şol bir wagt­da ulag ul­ga­my BMG-niň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin Dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da Gün ter­ti­bi­niň mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len bi­le­lik­de, 2022-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan­da deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp gel­ýän ýurt­la­ryň mi­nistr­le­ri­niň hal­ka­ra mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi öňe sür­lüp, şol ýy­lyň aw­gus­tyn­da Awa­za mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň Ulag mi­nistr­le­ri­niň Hal­ka­ra mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.
Hä­zir­ki wagt­da hem üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň aw­gust aýyn­da ýe­ne-de Awa­za mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň hal­ka­ra mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mä­ge uly taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň baş­lan­gyç­la­ry, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýa­daw­syz ta­gal­la­la­ry esa­syn­da ho­wa ula­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy kä­mil­leş­di­ril­ýär. Ýur­du­myz­da öň­de­ba­ry­jy en­jam­lar or­naş­dy­ry­lan tä­ze ho­wa men­zil­le­ri gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ge­çi­ri­ji­lik müm­kin­çi­li­gi sa­gat­da 1600 ýo­lag­ça deň bo­lan Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ni, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat we Ker­ki şä­her­le­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zil­le­ri­ni gör­kez­mek bo­lar. Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Je­bel şä­her­çe­sin­de tä­ze ho­wa men­zi­li­ ýa­kyn wagt­da ula­n­ma­ga ber­ler. Bu tä­ze ho­wa men­zi­li ýur­du­my­zyň ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň ösü­şin­de öz go­şan­dy­ny go­şar.
Uzen – Be­re­ket – Gür­gen, Ker­ki – Ymam­na­zar – Aki­na, Ser­he­ta­bat – Tur­gun­dy de­mir ýol tas­la­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi we ola­ryň goň­şy döw­let­le­riň de­mir ýol ul­gam­la­ry­na bi­rik­di­ril­me­gi üs­ta­şyr ýük da­şa­ma­la­ry­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.
2024-nji ýyl­da Ser­he­ta­bat – Tur­gun­dy de­mir ýol ge­çel­ge­si­niň türk­men-ow­gan ser­he­din­de uzyn­ly­gy 177 met­re deň bo­lan de­mir ýol köp­rü­si­niň açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi, «Tur­gun­dy» de­mir ýol be­ke­di­niň «gu­ry por­tun­da» am­mar­lar top­lu­my­nyň, Tur­gun­dy – Hy­rat de­mir ýo­lu­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň Tur­gun­dy – Sa­na­bar bö­le­gi­niň gur­lu­şyk iş­le­ri­ne gi­ri­şil­me­gi hem ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň üs­tün­lik­le­ri­niň bi­ri­dir.
Ulag ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň, ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň hu­kuk esas­la­ry­ny ber­kit­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2022 – 2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­syn­da» kes­git­le­nen­dir. Ýur­du­my­zyň mil­li ulag sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän bu res­mi­na­ma­da ula­gyň äh­li gör­nü­şi­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak, de­giş­li dü­züm­le­ri dö­ret­mek, bu ugur­da ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­mek hem-de stra­te­gik mak­sat­la­ryň uly top­lu­my­na ýet­mek we­zi­pe­le­ri göz öňün­de tu­tul­ýar.

Aý­na­bat MÄT­JA­NO­WA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maliýe kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.