Italiýada güýje girjek kanuna görä, ýola ýa-da ýoluň ýakasyna zibil taşlana 18 müň ýewro çenli jerime salnyp bilner. Sürüjiler zibillerini tebigatyň goralýan çägine taşlasalar, sürüjilik şahadatnamasy ýatyrylyp hem bilner. 16-njy awgustdan başlap, elýaglyk, plastik gap we çilim galyndysy ýaly zatlary ýola taşlanlara 1 müň 188 ýewro çenli jerime salnar.
Sürüjiler zibillerini tebigatyň goralýan çägine taşlasalar, sürüjilik şahadatnamasy ýatyrylar. Kanuna görä, şeýle düzgüni bozanlara jeza bermek üçin diňe polisiýa işgäriniň görmegi däl, eýsem, howpsuzlyk kamerasy tarapyndan ýazga alynmagy hem ýeterlik hasap ediler.
Bu düzgün daşary ýurtly myhmanlara hem degişli bolar.