Şu tomus Şwesiýanyň polisiýasy awtoulaglarda aşa güýçli aýdym-saz aýtdyrandyklary üçin 550-den gowrak sürüjä jerime ýazdy. Iň köp düzgün bozulma Bergslagen sebitinde hasaba alnypdyr, ýurtdaky ähli düzgün bozulmalaryň ýarysy şol ýerde hasaba alyndy.
2021-nji ýyldan bäri Şwesiýada “göze ilginç, gödek hereket” üçin, şol sanda, beýlekileri biynjalyk edýän güýçli aýdym-saz aýtdyrýanlara jerime tölemäge mümkinçilik berýän kanun hereket edýär. Jerime 1000 kron (104 ABŞ dollary), ýöne polisiýa muny gaty pes hasaplaýar: düzgüni bozanlaryň köpüsi bu pullary öz aralarynda bölüşýärler.
Polisiýanyň maglumatyna görä, ýurtda iň soňky çäginde aýdym-saz goýup, awtoulaglarda gezelenç etmek däbi ýerli medeniýetiň bir bölegine öwrüldi. Bu, esasan hem, ýüzlerçe güýçli ses muşdaklaryny özüne çekýän awtoulagly çärelerde ýüze çykýar. Bergslagen polisiýasy has berk jeza çäreleriniň görülmegini isleýär we ýaşlaryň ýerli ýaşaýjylary biynjalyk etmezden aýdym-saz diňläp biljek ýerlerini döredip boljakdygyny ara alyp maslahatlaşýar.
Sebit eýýäm dört ýyl bäri yzly-yzyna jerime tölemekde öňdebaryjy bolup galýar. Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri muny diňe bir meseläniň gerimi bilen däl, eýsem polisiýanyň täsirli işi bilen hem düşündirýärler: bu ýere gelýänler jerime tölemekden gaçyp gutulup bolmajakdygyna gaty tiz düşünýärler.