Dünýäniň iň meşhur aýdym-saz platformalarynyň biri bolan “Spotify” ýylyň üçünji çärýegine degişli netijelerini yglan etdi. Häzirki wagtda 172 million tölegli abonenti we 381 million aýlyk işjeň ulanyjysy bolan “Spotify”-niň geçen ýylyň degişli döwründe 165 million tölegli abonenti we 365 million aýlyk işjeň ulanyjysy bar eken. Bu kompaniýanyň ulanyjylarynyň sanynyň 19 göterim ýokarlanandygyny görkezýär. “Spotify”-niň bu çärýekde bir ulanyjydan alýan ortaça girdejisi 4 göterim ýagny 4,29 ýewrodan 4,34 ýewro çenli ýokarlanypdyr. Ýaýradylan maglumatlar “Amazon Music” -iň 55 million abonentiniň we “Apple Music” -iň 60 million abonentiniň bardygyny görkezýär. Şonuň üçin “Spotify” häzirki wagtda bu bazarda öňdeligi eýeleýär. Kompaniýanyň häzirki wagtda 400 milliondan gowrak işjeň ulanyjysy we 177 milliondan gowrak premium abonenti bar. Mundan başga-da, “Spotify” şu ýylyň 20-nji awgustynda umumy paýnamasyny 1 milliard dollara çenli satyn almak üçin maksatnama yglan etdi. Satyn almak maksatnamasy 2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde tamamlanar. Kompaniýa bu maksatnamanyň çäklerinde 30-njy sentýabra çenli 157 510 paýnamany, her bir paý üçin ortaça 222,86 dollardan 30 million ýewro satyn aldy.