ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA) Halkara kosmos bekediniň 2030-njy ýylda ulanyşdan aýryljakdygyny we Ýeriň atmosferasyna girizilip, Ýuwaş ummanyndanky çet ýere taşlanjakdygyny mälim etdi. ABŞ bilen Russiýanyň bilelikdäki iri taslamasy bolan bekediň ilkinji moduly 1998-nji ýylda uçurylypdy. Beket 2000-nji ýyldan bäri üznüksiz ulanylýar.
Dünýäniň dürli ýurtlaryndan dürli ugurda zähmet çekýän adamlar beketde bolup, häzire çenli 4 müňden gowrak tejribe geçirdiler. Ýeriň dartyş güýjüniň örän az bolan ýerinde saglygy goraýyş, aragatnaşyk ýaly ugurlarda birnäçe açyş edildi. Bekede 26 ýurtdan 300 töweregi astronawt bardy.
Beket ulanyşdan aýrylandan soňra NASA we hyzmatdaşlary Ýeriň orbitasynda täze beketde işini dowam etdirer. Gurama hususy pudagyň täjirçilik maksatly kosmos beketlerini işläp taýýarlamagy üçin 400 million dollardan gowrak maýa goýum özleşdirdi. Onuň çäklerinde “SpaceX”, “Boeing”, “Axiom Space”, “Blue Origin” we “Starlab” ýaly awiasiýa we kosmos pudagynda iş alyp barýan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edilýär. Ilkibaşda, Halkara kosmos bekedi ulanyşdan aýrylmazdan ozal 4 agzaly toparyň azyndan 30 gün bolup biljek hususy beket synagdan geçiriler. Soňra bolsa, NASA hususy kompaniýa tarapyndan gurlan we dolandyrylýan beketden hyzmat satyn almagy maksat edinýär. Häzirki wagtda hem kosmosa ýük we astronawtlaryň gatnawy hususy kompaniýalar tarapyndan ýerine ýetirilýär, NASA bolsa şolara töleg töleýär.
Häzirki wagtda Ýeriň daşky orbitasynda Halkara kosmos bekedi bilen bir hatarda Hytaýyň “Tiangong” kosmos bekedi hem bar. Olaryň ikisi hem hemişe adamly. Hytaý bekedinde 2021-nji ýyldan bäri yzygiderli astronawt bar.