Ylmy barlaglar boýunça Ýewropa guramasynyň uly adron kollaýderi (LHC) üç ýyllyk arakesmeden soň täzeden işe girizildi. Bu döwürde dünýäniň iň uly synag desgasynda çuňňur abatlaýyş işleri geçirildi. Netijede, elementar bölejikleriň çaknyşma energiýasyny ýokarlandyrmak, şeýle hem meýilleşdirilen synaglaryň dowamynda has köp maglumat ýygnamaga ýardam berjek täze bölejikleriň detektorlaryny we beýleki enjamlaryny oturtmak mümkin boldy.
Uly adron kollaýderi higgs bozonyny gözlemek we fizikanyň standart modelini gutarnykly barlamak maksady bilen 2008-nji ýylda guruldy. Fransiýada we Şweýsariýada ýerasty tunnelde ýerleşýän gurnamanyň uzynlygy 27 kilometre ýetýär. Gurluşyk we barlag işlerine ýüzden gowrak ýurtdan on müňden gowrak alym we inžener gatnaşdy.
Ylmy barlaglar boýunça Ýewropa guramasynyň maglumatlaryna görä, geçen üç ýylyň içinde mikrodünýäni barlamak üçin niýetlenen bu desgada kämilleşdirme işleri geçirildi. Ylaýta-da, uly adron kollaýderiniň arasynda ornaşdyrylan 10 müňden gowrak birikmeleriň aşa geçiriji kabelleriniň täsirliligi we netijeliligi artdyryldy. Kollaýderiň ugrunda oturdylan magnitler içinden aýlanýan proton toplumlarynyň badyny artdyrýar. Alymlar çaknyşan bölejikleriň netijelerini öwrenip, materiýanyň syrlaryna aralaşýarlar hem-de bu ugurda ajaýyp netijeler gazanýarlar.
Geçen ýyllarda Ylmy barlaglar boýunça Ýewropa guramasynyň fizikleri Higsiň bozonynyň bölejikleriniň ýüze çykarylandygyny mälim edipdiler. Ýöne ol heniz fizika nazaryýetiniň «Standart modelinde» bölejik hökmünde ýüze çykarylmady. Fizikleriň pikirine görä, 13,7 milliard ýyl mundan ozal älemiň esasyny goýan Uly partlaýyşdan soňra emele gelen Higgsiň bozony galaktikalaryň, ýyldyzlaryň we planetalaryň döremegine sebäp bolupdyr.
Doly subut edilen halatynda iňlis fizigi Piter Higgsiň 1964-nji ýylda öňünden çaklan bölejikleri soňky ýarym asyrda iň uly ylmy açyşlaryň biri bolardy. Ýöne birdenkä Higgsiň bozonynyň bardygy tassyklanmadyk halatynda, emele gelen ýagdaý alymlary alasarmyk ýagdaýda goýup biler. Şunuň ýaly ýagdaýda fizikanyň täze eýýamy başlanyp, alymlar ähli bölejikleriň nusgalaryny täzeden gurmaly bolarlar.
Bu elementar bölejikleriň ölçeginiň takyklygyny has-da artdyrmak üçin alymlar olary has ýokary energiýada çaknyşdyrmagy maksat edinýärler.
Häzirki wagtda Şweýsariýanyň we Fransiýanyň araçägindäki 150 metr çuňlukda ýerleşýän kollaýderde ähli zerur abatlabyş işleri geçirilip, indi ol iň ýokary energiýada hereket eder we proton toplumjyklarynyň bady has-da artdyrylar.