Geçen ýyl Botswanada tapylan 2 müň 488 karatlyk äpet göwheriň satuwa çykaryljakdygy mälim edildi. «Motswedi» diýlip atlandyrylan gymmat bahaly daşyň satylmazdan ozal bahasynyň anyklanjakdygy aýdyldy. Agramy ýarym kilograma barabar bolan göwheriň Belgiýada geçirilen barlaglaryň netijesinde deslapky gymmaty anyklandy. Daş ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Karowe magdan käninden tapyldy. Bu magdan käni Kanadanyň «Lucara Diamond» kompaniýasyna degişli. «Lucara Diamond» 10,8 karatdan uly göwherleri gaýtadan işlemek we satmak üçin «HB Antwerp» atly başga bir firma bilen işleşýär. «HB Antwerp»-iň wekili Margo Donke daşyň gymmatyny anyklamak üçin ilki kesilmelidigini belleýär.
Gurbanmämmet AMANOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Magtymguly etrap birleşmesiniň başlygy.