Mikrobiologlar Fransiýanyň Guadelupa sebitinde kiçijik antillilerde täze bakteriýanyň üstüni açdylar. Bu bakteriýa latynça «Escherichia coli» diýlip atlandyryldy. Bakteriýanyň ölçegleri 9000 mikrometre, uzynlygy bolsa 1 santimetre deňdir. Adatça, bakteriýalaryň öýjükleriniň uzynlygy 2 mikrometrden 750 mikrometre çenli aralykdaky ölçegde bolýar. Kaliforniýanyň Toplumlaýyn ulgamlar laboratoriýasynyň hem-de ABŞ-nyň energetika ministrliginiň Genom institutynyň agzasy M.Follandyň pikiriçe, bu bakteriýa 2 santimetre çenli ösüp biler. Alym CNN teleýaýlymyna beren beýanatynda bu açyşyň Ewerest dagynyň beýikliginiň ölçenmegi ýaly ähmiýete eýedigini belleýär. Alymlaryň bellemegine görä, täze tapylan bakteriýa ortaça ululykdaky «Thiomargarita magnifica» atly bakteriýanyň 625 müň essesine barabardyr. Şeýle-de «Escherichia coli» energiýa öndürip bilýän membranalaryň giň ulgamyna eýedir. Hut şonuň üçin-de, ýokumly maddalary siňdirmek üçin, bu bakteriýa diňe bir ululygyny daýanmaýar. Ýagny «Escherichia coli»-niň öýjüginiň DNK-sy, «pepinler» diýlip atlandyrylýan kiçijik membranalardan ybaratdyr.
Häzirki wagtda biologlar täze tapylan bakteriýany has giňişleýin öwrenmek üçin iş alyp barýarlar.
Ogulnabat GURBANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.