«Uly kitap» milli edebi baýragyna Russiýanyň 81 ilatly nokadyndan we dünýäniň 14 ýurdundan awtorlar dalaşgär boldy. 20-nji möwsümde jemi 400 eser hödürlendi diýip, «Uly kitabyň» metbugat gullugy habar berdi.
Arhangelsk, Soçi, Kaliningrad, Wladiwostok we Russiýanyň beýleki şäherleriniň ýazyjylarynyň işlerinden başga-da, Belarus, Bolgariýa, Germaniýa, Gruziýa, Gazagystan, Kamboja, Kanada, Moldowa, Portugaliýa, ABŞ, Özbegistan, Fransiýa we Ekwador ýaly ýurtlaryň awtorlarynyň kitaplary hödürlendi.
Metbugat gullugynyň bellemegine görä, gatnaşyjylaryň arasynda hem giňden tanalýan awtorlar, hem-de özlerini «Liseý» baýragynda tanadan ýaş ýazyjylar bar. Eserleri Russiýanyň neşirýatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, sebitara ýazyjylar guramalary, edebi žurnallar we agentlikler, şeýle hem neşirýat serwisleri, ýazyjylyk ussatlygy mekdepleri we Edebi akademiýanyň agzalary hödürlediler. Hödürleýänleriň (nominatorlaryň) sany 100-den aşdy.
“Uly kitap” baýragyna hödürlenen ähli eserler bilen baýragyň Ekspertler geňeşi işleýär. Bu ýyl onuň düzümine ýazyjylar we tankytçylar girip, kyssaçy, şahyr, dramaturg Dmitriý Danilow başlyklyk edýär» diýlip, metbugat gullugy habar berdi.
Geňeş dalaşgärleriň «uzyn sanawyny» (long-list) düzer we ol 21-nji aprelde metbugat maslahatynda yglan ediler. Finalçylar bolsa 3-nji iýunda yglan ediler. Baýragyň ýeňijilerini Edebi akademiýa kesgitlär, dekabr aýynyň başynda bolsa dabaraly sylaglama çäresi geçiriler.
PDF









