Geçen dekabr aýynda Russiýanyň «Uly kitap» (Bolşaýa kniga) edebiýat baýragynyň guramaçylary 2025-nji ýylyň ýeňijilerini yglan etdiler. Sylag gowşuryş dabarasy Moskwada, Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň Paşkow öýünde geçirildi.
«Çeper proza» ugrunda baýragyň eýesi Eduard Werkin boldy. Ol özüniň «Darda asylan garga» («Soroka na wiselise») romany üçin bu baýraga mynasyp boldy. «Non-fikşn» (ylmy edebiýat) boýunça Zoýa Boguslawskaýa ýeňiş gazandy. Ol «Geleňsiz durmuş» («Halatnaýa žizn») atly ýatlamasy üçin sylaglandy.
«Iň gowy audiokitap» ugrunda Ýana Wagneriň «Ötük» («Tonnel») romanynyň audiogörnüşi ýeňiş gazandy (okaýanlar — Wiktoriýa Isakowa, Kirill Radsig, Ýana Wagner, Grigoriý Perel we başgalar). Bu baýrak «Uly kitabyň» 20 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek gowşurylýar.
«LiveLib» maslahat beriş hyzmatynyň saýtynda okyjylaryň ses bermeginiň netijesinde Wera Bogdanowanyň «Janlary duzlamagyň ýedi usuly» («Sem sposobow zasolki duş») trilleri we Ýelena Lewkiýewskaýanyň «Belarus rowaýatlary” öňe saýlandy.
«Kommersant» neşiriniň belleýşi ýaly, 2025-nji ýylda «Uly kitap» baýragy ilkinji gezek iki nominasiýa — «Çeper proza» we «Non-fikşn» boýunça berildi. Bu ýylky ýeňijileriň her biri 3 million rubl möçberinde pul baýragyny eýe boldy.
2024-nji ýylda birinji orun Alekseý Warlamowyň «Odsun» romanyna berlipdi. Ikinji orunda Mihail Şemýakin «Meniň durmuşym: sürgünlige çenli» atly awtobiografiýasy bilen, üçünji orunda bolsa Zahar Prilepin «Itler we beýleki adamlar» atly hekaýalar ýygyndysy bilen öňe saýlanypdy.
«Uly kitap» baýragy 2006-njy ýyldan bäri her ýyl gowşurylyp gelinýär. Baýraga rus dilinde ýazylan eserler we ilki başga dilde ýazylyp, awtorlaryň özüniň terjime eden işleri dalaşgärlik edip bilýär.
PDF









