Şu gün – 1-nji noýabrda Müsürde iň uly arheologik ýadygärlik bolan Giza piramidalarynyň golaýynda gurlan dünýäde ýeke-täk siwilizasiýa bagyşlanan Uly Müsür muzeýi açylar. Açylyş Ýakyn Gündogardaky syýasy ýagdaýlar sebäpli birnäçe gezek yza süýşürilipdi. Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah el-Sisiniň we dünýä liderleriniň dabara gatnaşmagyna garaşylýar.
Beýik Müsür muzeýi Giza piramidalaryndan bary-ýogy bir kilometr uzaklykda ýerleşýär we 470 müň inedördül metr meýdany eýeleýär. Muzeýiň baş direktory Ahmed Goneýmiň sözlerine görä, muzeýi ýaş nesiller üçin has gyzykly etmek maksady bilen eksponatlar döwrebap tehnologiýalar, şol sanda proýektorlar we interaktiw VR (Virtual reality-Hyýaly hakykat) çözgütleri bilen enjamlaşdyryldy.
-Biz Z nesliniň dilinde aragatnaşyk saklamaga çalyşýarys. Olar köne gurallary ulanmaýarlar, şonuň üçin biz döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrdyk – diýip, Goneým belledi.
Muzeýiň her gün 15-20 müň myhmany özüne çekmegine garaşylýar. Muzeýiň umumy meýdanynyň 24 müň inedördül metri hemişelik sergi, çagalar meýdançalary, maslahat zallary we bilim edaralary üçin bölünip berler.
Sergi 12 sany esasy galereýada ýerleşip, tema we eýýama görä bölünen taryhdan ozalky döwürden Rim döwrüne çenli döwri öz içine alýar. Muzeýde jemi 50 müňden gowrak eksponat bolup, olaryň arasynda Ramses II-niň 83 tonnalyk 3200 ýyllyk heýkeli we piramidalary gurmakda meşhur bolan faraon Hufunyň 4500 ýyllyk gämisi bar.
Täze muzeýiň artefaktlarynyň köpüsi Kairdäki Müsür muzeýinden getirilip goýuldy, bu ýerdäki kolleksiýa geçen asyrlardan bäri saklanyp gelinýär. Käbir eksponatlar gadymy aramgählerden, esasan hem, Sakkara nekropolundan, şeýle hem täze muzeýden 20 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýän beýleki piramidalardan we mazar toplumlaryndan tapyldy.