Ummanlarda alnyp barylýan ylmy işleriň netijesinde ozal ylym dünýäsine mälim bolmadyk üç sany balyk tapyldy. Olaryň biri gülgün reňki we uly gözleri bilen tapawutlanýar. 3 kilometr çuňlukdan hem aşakda ýaşaýan balygyň bu täze görnüşi boýunça ylmy işler Kaliforniýanyň kenaryndan 100 kilometr uzaklykda geçirildi. 2019-njy ýylda “Alvin” gämi hem-de uzakdan dolandyrylýan “Doc Ricketts” atly suwasty gämiler arkaly Montereý suwasty jülgesinde alnan şekiller jikme-jik seljerildi. Ýüze çykarylan nusgalar “Ichthyology & Herpetology” žurnalynda çap edildi. Nýu-Ýork ştat uniwersitetiniň ylmy işgäri, deňiz biology Makenzi Gerringer adatça çuň suwda ýaşaýan jandarlaryň daşky şekiliniň gorkunçdygynyň aýdylýandygyna ünsi çekip, gülgün reňkli balygyň örän eýjejikdigini belledi. Bu jandaryň ululygynyň adamyň eli ýalyrakdygy bellenildi. Gerringer bu balyklaryň sowadyjynyň içinden hem sowuk suwda ýaşap bilýändigini aýtdy. Balygyň bu görnüşi deňiz kenarlarynda joşgun-gaýtgyn wagtynda emele gelýän howuzlarda-da, Mariana çöketligi ýaly iň çuň ýerlerde hem ýaşap bilýär. Olaryň 450 töweregi görnüşiniň bardygy bellenilýär. Soňky 20 ýylda bu balygyň has köp görnüşi ýüze çykarylyp, Mariana çöketliginde 8 müň metrden gowrak çuňlukda ýaşap, iň çuň ýerde gabat gelýän balyk hasaplanýar.