Kino sungatynyň iň uly sylagy bolan Oskar baýraklarynyň 98-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Los Anjelesdäki “Dolby” teatrynda geçirilen dabarany Konan O’Braýan alyp bardy.

3 sagat 45 minutlap dowam eden dabarada iň gowy film diýlip, “Uruş üstüne uruş” kinosy saýlandy. Filmi surata düşüren, şol bir wagtyň özünde prodýuseri hem bolan Pol Tomas Anderson iň gowy režissýor, iň gowy adaptirlenen ssenariý ugurlarynda-da Oskar heýkeljiklerini eýelemegi başardy. 55 ýaşyndaky režissýor dabarada 3 heýkeljik gazandy. Geçen ýyl “Anora” filminiž režissýory dabaradan 4 heýkeljik bilen öýüne dolanypdy.

Dabaranyň iň köp baýrak gazanan filmi “Uruş üstüne uruş” kinosy 6 ugurdan Oskaryň eýesi boldy. 13 ugurdan dalaşgär görkezilen film ýokarda agzalan baýraklardan başga-da, ikinji plandaky iň gowy aktýor (Şon Penn), ilkinji gezek gowşurylan iň gowy kasting (Kassandra Kulukundis) hem-de iň gowy montaž (Endi Ýurgensen) ugurlary boýunça-da ýeňiş gazandy. Dürli sebäplere görä dabara gatnaşmadyk Şon Penn 3-nji Oskar heýkeljigine mynasyp boldy. Ol 2002-nji ýylda “Syrly derýa”, 2012-nji ýylda-da “Milk” filmlerindäki keşpleri üçin iň gowy aktýor baýragyny gazanypdy. Şon Penn 3 Oskary bolan 8-nji artist hökmünde hasaba alyndy.

98 Oskar baýraklarynda 16 ugurdan dalaşgär görkezilip, taryhy rekord goýan “Günäkärler” filmi dabaranyň iň köp heýkeljik toplan 2-nji kinosy boldy. 4 baýrak gazanan filmde 2 keşbi ýerine ýetiren Maýkl B. Jordan iň gowy aktýor diýlip saýlandy. Filmiň režissýory Raýan Kugler iň gowy asyl ssenariý baýragy bilen sylaglandy.

Filmdäki ýaňlanýan sazlary döreden şwesiýaly kompozitor Ludwig Goransson iň gowy saz baýragyna laýyk görüldi. Bu onuň “Gara Pantera” hem-de “Oppenhaýmer” filmlerinden soň 3-nji Oskary boldy.

Şeýle-de, “Günäkärler” filminiň operatory Otumn Durald Arkapaw iň gowy operator baýragy bilen sylaglandy. Ol bu baýragy gazanan ilkinji zenan hem-de garaýagyz şahsyýet hökmünde Oskaryň taryhyna girdi.

Iň gowy aktrisa baýragyna garaşylyşy ýaly “Hamnet” filmindäki keşbi üçin Jessika Bakli mynasyp görüldi. Ol ähli guramalara degişli iň gowy aktrisa baýragyny gazanyp gelýärdi we olaryň üstüni Oskar heýkeljigi bilen ýetirdi. Ikinji plandaky iň gowy aktrisa baýragy-da “Ýaraglar” filmindäki keşbi üçin Emi Madisona berildi. Amerikaly aktrisa bu ugurda 40 ýyl ozalam Oskara dalaşgär görkezilipdi. Ol bu ugurda iki dalaşgärliginiň arasy iň uzak aktrisa hökmünde hasaba alnypdy.

“Frankenşteýn” filmi bezeg we makiýaž ugurlaryndaky 3 baýragy hem gazanmagy başardy. Ýagny film iň gowy çeperçilik bezegi (Tamara Dewerell, Şeýn Weau), iň gowy grim (Keýt Hawli) hem-de iň gowy makiýaž we saç bezegi (Maýk Hill, Jordan Samuell, Kliona Furi) baýraklaryna mynasyp boldy.

“Awatar: alaw we kül” iň gowy wizual effektler, “F1” kinosy-da iň gowy ses baýragy ugurlarynda ýeňiji diýlip yglan edildi.

“Netflix”-iň önümi bolan “K-Pop şeýtan awçysy” multfilmi iň gowy animasiýa diýlip saýlandy. Bu ekran eserindäki “Golden” atly aýdym bolsa iň gowy aýdym baýragyna laýyk görüldi.

Norwegiýaly režissýor Ýoahim Trieriň surata düşüren “Duýguçyllygyň gymmaty” atly ekran eseri iň halkara film diýlip saýlandy.

“P-niň garşysyna jenap hiç kim” atly ekran eseri iň gowy dokumental film, “Ähli boş otaglar” iň gowy gysga göwrümli dokumental film, “Göwher gözýaşly gyz iň gowy gysga göwrümli animasiýa ugurlary boýunça Oskara mynasyp boldy. “Aýdymçylar” hem-de “Iki näsag ynsan” atly ekran eserleri iň gowy gysga göwrümli film baýragyny paýlaşdylar. Oskaryň taryhynda mundan öň islendik bir baýrak gezek paýlaşylypdy.

9 ugurdan dalaşgär görkezilen “Ussat Marti” filmi ýeke baýrak hem gazanyp bilmedi. Ol BAFTA-da hem 11 ugurdan dalaşgär görkezilse-de, dabaradan boş gaýdypdy.

 

Iň gowy film: “Uruş üstüne uruş” (One Battle After Another)

Iň gowy režissýor: Pol Tomas Anderson – “Uruş üstüne uruş” (One Battle After Another)

Iň gowy aktýor: Maýkl B. Jordan – “Günäkärler” (Sinners)

Iň gowy aktrisa: Jessi Bakli – “Hamnet” (Hamnet)

Ikinji plandaky iň gowy aktýor: Şon Penn – “Uruş üstüne uruş” (One Battle After Another)

Ikinji plandaky iň gowy aktrisa: Emi Medison – “Ýaraglar” (Weapons)

Iň gowy adaptirlenen ssenariý: Pol Tomas Anderson – “Uruş üstüne uruş” (One Battle After Another)

Iň gowy asyl ssenariý: Raýan Kugler – “Günäkärler” (Sinners)

Iň gowy animasiýa: “K-Pop şeýtan awçylary” (KPop Demon Hunters)

Iň gowy halkara film: Duýguçyllygyň gymmaty” (Affeksjonsverdi) – Ýoahim Trier (Norwegiýa)

Iň gowy saz: “Günäkärler” (Sinners)

Iň gowy aýdym: “Golden” – “K-Pop şeýtan awçylary” (KPop Demon Hunters) — Ejae, Mark Sonnenblik, 24, Ido, Teddi, Iýn Eisendrat

Iň gowy ses: F1” (F1)

Iň gowy kasting: “Uruş üstüne uruş” (One Battle After Another)

Iň gowy operator: “Günäkärler” (Sinners)

Iň gowy çeperçilik bezegi: “Frankenşteýn” (Frankenstein)

Iň gowy makiýaž we saç bezegi: “Frankenşteýn” (Frankenstein)

Iň gowy grim: “Frankenşteýn” (Frankenstein)

Iň gowy montaž: “Uruş üstüne uruş” (One Battle After Another)

Iň gowy wizual effektler: “Awatar: alaw we kül” (Avatar: Fire and Ash)

Iň gowy dokumental film: “P-niň garşysyna jenap hiç kim” (Mr Nobody Against P.)

Iň gowy gysga dokumental film: “Ähli boş otaglar” (All the Empty Rooms)

Iň gowy gysga film: “Aýdymçylar” (The Singers), “Iki näsag ynsan” (Deux personnes echangeant

de la salive)

Iň gowy gysga animasiýa: “Göwher gözýaşly gyz” (The Girl Who Cried Pearls)