Türkmenistanyň at gazanan artisti Begmyrat Gylyjow 70 ýaşynda aradan çykdy. 1955-nji ýylda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherinde dünýä inen Begmyrat Gylyjow ýaşlykdan sungata höwesek bolupdyr. Kakasy Orazdurdy agadan saz çalmagy öwrenen Begmyrat Gylyjow okan mekdebinde gysga wagtlyk aýdym-saz mugallymy bolup işleýär. Soňra Moskwadaky A.W. Lunaçarskiý adyndaky teatr institutynda ýokary okuwyny okaýar. Okuwy tamamlap geleninden soň, Lebap welaýatyndaky Seýdi, paýtagtymyzdaky Mollanepes, Magtymguly teatrlarynda ençeme ýyllar zähmet çekýär. Ol ady agzalan şol teatrlarda “Japbaklar”, “Jadygöý Jenan”, “Şäher tomsy”, “Ýigit başy gowgaly”, “Hüýrlukga Hemra”, “Çynar monifesti”, “Gala”, “Hindi rowaýaty”, “Nejep oglan”, “Arşyn mal alan” “Ykbal öwrümleri”, “Söýgi rowaýaty”, “Etme oglan sen oýun”, “Söýgi bizi halas eder”, “Leýli we Mežnun”, “Toýumyza gel toýumyza” ýaly ençeme spektakllarda dürli keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. 1996-2005-nji ýyllar aralygynda esasy işiniň daşyndan “Serpaý” ansamblynda bagşy bolup hem işleýär.

Sona, Suraý Myradowalar, Ata Alowow, Muhammet Çerkezow, Abdylla Ýakubow, Baba Annanow, Aman Gurbandurdyýew, Fahriýa Alyýewa, Sabyr Ataýewa, Oguldurdy Mämmetgulyýewa, Annamyrat Myradow, Nurmuhammet Keşikow, Durdy Oraýew ýaly ussatlar bilen işleşip, olardan teatr sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenýär. Ol gazetimize beren interwýusynda türkmen teatr sungatynyň ägirtlerine öz minnetdarlygyny bildirip geçipdi.

Teatr sungatynyň daşyndan aýdym-saza hem ýykgyn eden aktýor dutarda “Üç gözel”, “Suwa geledir”, “Al Senem”, “Gelin” ýaly halk aýdymlary hem ýerine ýetirýär.

1996-njy ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at dakylan aktýor “Watana bolan söýgüsi” üçin diýen medalyň hem eýesidir.

Ýanýoldaşy Ogulkeýik gelneje bilen 3 perzendi kemala getiren aktýor hemişe ýagşylykda ýatlanar. Merhumyň ýakynlaryna, dogan-garyndaşlaryna we dost-ýarlaryna çuňňur gynanç bildirýäris. Beýik Biribardan merhumyň jaýynyň jennet, imanynyň hemra bolmagyny dileýäris.