Tehnologiýa enjamlarynyň ösmegi we ekologiýanyň hapalanmagy ýaly ýagdaýlar adamyň ömrüniň dowamlylygyna öz täsirini ýetirýär. Geçirilen barlaglarda deňiz kenarynda we tokaý sebitlerinde mesgen tutanlaryň has uzak ýaşaýandygy ýüze çykaryldy. Bilermenler munuň sebäplerini derňäp, uzak ýaşamak üçin ekologiýanyň arassa bolmagy bilen bir hatarda, sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli ýöretmegiň möhümdigini belleýärler.
Tebigy hereket. Uzak ýaşamagyň ilkinji ädimi tebigy hereketden başlanýar. Pyýada ýöremek, bag ekmek, öý jandarlaryny idetmek, maşk etmek we sport zallarynda türgenleşmek saglyk üçin peýdaly bolup, özüňi has ýeňil duýmaga kömek edýär. Günortanlyk we agşamlyk naharyndan soň, pyýada gezelenç etmek möhüm şertleriň biri bolup durýar.
Gün tertibi. Özüňize görä gün tertibini düzüp, şoňa görä hereket etmek, uzak ýaşamagyň möhüm şertleriniň biridir. Maksatsyz ýa-da garyşyk durmuş ýörelgeleri adamy çalt ýadadýar, höwesini gaçyrýar. Şol sebäpli maksat tutup, ilki bilen gün tertibiniň we işleriň meýilnamasyny düzmeli.
Kadaly iýmitlenmek. Aşa köp iýmek, gereginden artyk naharlanmak bedeniň öz-özüne agram salýar. Bedende artykmaç ýagyň toplanmagy işjeňligiň peselmegine getirýär. Bellenilişine görä, irden we günortan kadaly iýmitlenip, agşamyna «kiçi naharlary» iýmeli. Iýmit sanawynda ösümlik esasly ýaglaryň, süýt we gök önümleriň bolmagy hökmandyr. Bilermenler et önümlerinden balygy we guş etini saýlamagy maslahat berýärler.
Özüňe erk etmek. Durmuşda duş gelýän ýagdaýlara we kynçylyklara sabyrly hem-de sowukganly çemeleşmek adam saglygy üçin ähmiýetlidir. Stres, alada nerw öýjükleriniň zeperlenmegine getirip, adamyň aňyny bulaşdyrýar, durmuşa bolan garaýşyna täsir edýär. Bilermenler dartgynly ýagdaýlarda maşk etmegi, meditasiýa sapaklaryny almagy maslahat berýärler.
Jemgyýetçilik gatnaşygy. Geçirilen barlaglarda uzak ýaşaýanlaryň maşgala we jemgyýetçilik arabaglanyşygyny saklaýandyklary ýüze çykaryldy. Olar geçirilýän baýramçylyklara, çärelere maşgala agzalary, dost-ýarlary bilen bilelikde gatnaşypdyrlar. Bu adamlaryň ynamyny artdyryp, özlerini bagtly we rahat duýmagyny üpjün edýär. Şeýle hem olar uzak ýaşamakda köp zadyň ýanýoldaşyňa baglydygyny belleýärler.
PDF









