Dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän kompaniýalarynyň arasynda öňdeligi eýeleýän “Volkswagen” taryhynda ilkinji gezek Germaniýadaky zawodynda önümçiligini togtadýar. Nemes brendi ertirden başlap, (16-njy dekabr) Drezdendäki zawodynda awtoulag önümçiligini duruzjakdygyny mälim etdi. 88 ýyl ozal esaslandyrylan kompaniýa soňky wagtlarda hytaý bazarynda satuwyň pese gaçmagy, Ýewropada islegiň azalmagy we ABŞ-nyň salgyt girizmegi ýaly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu ýagdaýlar nemes brendiniň girdejisine täsir edýär.
Bilermenler kompaniýanyň maliýe meseleleriniň geljek ýyl hem dowam edip biljekdigini belleýärler.
PDF









