Germaniýanyň «Volkswagen» awtoulag konserni 2025-nji ýylda Ýewropada iň köp elektrik ulagyny ýerlemek bilen, «Tesla» amerikan kompaniýasyndan ozdurdy. Bu barada DW neşirine salgylanýan «Kazinform» agentligi habar berdi.
JATO konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, «Volkswagen» sebitde 274 müň 278 elektrik ulagyny ýerledi, bu 2024-nji ýylyň görkezijisinden 56 göterim köpdür. Satuwyň artmagyna konserniň ID7 orta synpdaky elektroulagyny goşmak bilen, täze kysymlaryny bazara çykarmagy sebäp boldy. Şunuň hasabyna «Volkswagen» konserni öň Ýewropada öňdeligi eýeleýän «Tesla» kompaniýasyndan saýlanmagy başardy.