Adamlar irki döwürlerden bäri wagty ölçemek üçin dürli usullardan we guralardan peýdalanypdyrlar. Tehnikanyň ösmegi netijesinde wagt baradaky düşünje hem üýtgäpdir.
Hytaýly alymlar wagty ölçemek üçin täze enjamy oýlap tapdylar. «Stronsium optika kapasasy» atly sagat örän gysga wagty hem ölçemäge ukyplydyr. Täze enjamyň geljekde sekundyň kesgitlemesini üýtgedip biljekdigi bellenilýär. Sekunt ilkibaşda bir günüň 86 müň 400-den biri diýlip kesgitlenipdi. Emma Ýeriň Günüň daşyndan aýlanyş tizliginiň üýtgemegi sebäpli bu usul ylmy ölçegler üçin ýetmezçilik edip başlady. Şol sebäpli 1967-nji ýylda sekunt seziý-133 atomynyň 9.192.631.770 yrgyldysyna görä sazlandy. Optiki sagatlarda bolsa, ýagtylyk tolkunlaryndan yrgyldaýan stronsiý ýaly atomlar ulanylýar. Bu atomlar sekuntda 700 katrillion yrgyldy döredip, wagty seziý (himiki element) sagatlaryndan has takyk ölçemäge mümkinçilik berýär.
Hytaýyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň hünärmenleri has duýgur ulgamy oýlap tapdylar. Alymlaryň pikiriçe, aşa takyk şeýle sagatlar diňe wagty ölçemekde däl, eýsem, kosmos barlaglarynda hem ulanylyp bilner.
Her dört ýyldan bir gezek Parižde Halkara massalar we ölçegler baş maslahaty geçirilýär. Wagt, uzynlyk we agyrlyk ýaly ölçegleriň kesgitlenmegine gaýtadan garalýan bu maslahatda hytaýly hünärmenleriň teklip edýän sekundyň täze kesgitlemesi bilen bagly netijä gelerler. Ölçeglere bagyşlanan halkara maslahat şu ýylyň 13-15-nji oktýabrynda geçiriler. Emma bu meselä 2030-njy ýyldaky ýygnakda garalmagyna garaşylýar.
Ylmy barlagyň netijeleri «Metrologia» žurnalynda çap edildi.
Myrat Baýramgeldiýew,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









