Amerikan gazeti “Washington Post” öz žurnalistleriniň üçden birinden gowragyny işden boşadýar. “Amazon” esaslandyryjysy Jeff Bezos bu gazeti 2013-nji ýylda satyn alypdy we ýaňy-ýakynda onuň ugruny düýpli üýtgetdi.
– Şu soňky bir ýyl bir ýasyň yzyndan başga bir ýas gelýän ýaly geçdi: işden çykarmalar, işden çekilende berilýän tölegler, şertnamalaryň ýatyrylmagy. “Washington Post” bilen bolup geçýän zatlar hakyky pajygadyr – diýip, gazetiň köpýyllyk synçysy Salli Kuin häzirki ýagdaýa baha berýär.
“Washington Post” öz işgärleriniň üçden biriniň işden çykaryljakdygyny yglan etdi. Ştatyň gysgaldylmagy görnetin netijelere alyp barýar. Metbugatda ýaýran habarlara görä, beýleki bölümler bilen bir hatarda sport redaksiýasy we edebiýat bölümi hem ýatyrylar.
– Şeýle hem gazetiň esasy “Post Reports” flagman podkasty ýapylar. Ýöne bu daşary ýurtlardaky býurolara-da täsir eder. Ýakyn Gündogar boýunça bütin bölüm işden çykaryldy. Köp sanly habarçylar özleriniň işden gidýändiklerini jemgyýetçilik ulgamlarynda mälim etdiler – diýip, NPR-niň (National Public Radio) media bilermeni Dewid Folkenflik aýdýar.
Gazetiň 800 töweregi žurnalistine ýüzlenip, baş redaktor Mett Mýurreý bu agyryly gysgaldylmalaryň gazetiň geljegini üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
2013-nji ýylda “Amazon”-yň baş direktory Jeff Bezos maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýän gazeti Meýer-Gremiň maşgalasyndan satyn alypdy. Folkenfligiň sözlerine görä, olar Bezosyň pullary we innowasiýalary gazeti halas eder diýip umyt edipdiler. Bu töwekgelçilikli ädimdi. Bezos redaksiýa uly maýa goýdy we onuň sanly ulgamdaky ugruny güýçlendirdi. Emma ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Trampyň birinji möhletiniň tamamlanmagyndan soň, abuna we mahabat girdejileri azaldy. Folkenfligiň aýtmagyna görä, “Washington Post” yzly-yzyna dört ýyllap on millionlarça dollar zyýan çekdi. Görnüşine görä, Bezos munuň bilen ylalaşmak islemedi.
Emma synçy Salli Kuinn abunaçylaryň sanynyň azalmagynyň sebäbini gazetiň syýasy garaýşynyň üýtgemeginde hem görýär. 2024-nji ýylyň Prezident saýlawlarynda “Washington Post” ilkinji gezek Demokratik partiýanyň dalaşgäri Kamala Harrisi goldamady. Kuinn, Bezos redaksiýa sahypasyndan Harrisi goldaýan ýazgyny aýranyndan soň, 300 müň adamyň abuna bolmakdan ýüz öwrendigini belleýär: – Redaksiýa ep-esli derejede konserwatiw ugra ýykgyn edende has köp abunaçysyny ýitirip başlady. Bu biziň ýitiren örän uly mukdardaky pulumyzdyr.
PDF









