Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýurduň ilkinji zenan kosmonawty Marina Wasilýewskaýany Gahryman medaly bilen sylaglap, oňa degişli şahadatnamany gowşurdy. Bu bareada TASS habarlar guulugy habar berýär. Wasilýewskaýa halkara kosmos stansiýasynda Oleg Nowiskiý we amerikaly zenan Treýsi Kolduel-Daýson bilen bilelikde 12 gije-gündiz boldy. Kosmonawtlar topary 6-njy aprelde Ýere sag-aman dolanyp geldiler.

Şeýlelikde, Marina Wasilewskaýa, “Soýuz MS-25” kosmos gämisiniň ekipažynyň düzüminde Ýere golaý orbita çykan ilkinji belarus raýaty boldy. 23-nji martda Russiýanyň “Soýuz MS-25” kosmiki gämisi Gazagystanyň Baýkonur kosmodromyndan Halkara kosmos stansiýasyna üstünlikli uçuryldy.

“Belawiýa” howa ýollarynyň 33 ýaşly uçarbeledi Marina Wasilewskaýa 2022-nji ýylyň dekabrynda Belarusda geçirilen bäsleşikde, Russiýanyň “Soýuz” gämisinde kosmos uçuşyna gatnaşmak isleýän üç müňden gowrak gyzdan saýlanan alty dalaşgäriň biridir. Ol Ý. A.Gagarin adyndaky kosmonawt okuw merkezinde lukmançylyk barlaglaryndan geçenden soň, kosmos uçuşyna dalaşgär hökmünde saýlandy. 2023-nji ýylyň 29-njy maýynda “Soýuz MS-25” kosmos gämisiniň esasy ekipažyna we kosmos uçuşyna gatnaşyjy hökmünde Halkara kosmos stansiýasyna 21-nji uçuşa bellendi.