1941 – 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýeň­şiň baý­ram edil­me­gi her bir türk­me­nis­tan­ly üçin buý­sanç­ly wa­ka­dyr. Bu ur­şuň al­dym-ber­dim­li sö­weş­le­rin­de beý­le­ki mil­let­ler bi­len bir ha­tar­da, türk­men ýi­git­le­ri hem hal­ky­my­za mah­sus bo­lan mert­lik, gaý­duw­syz­lyk bi­len sö­we­şip, gah­ry­man­çy­ly­gyň be­lent nus­ga­sy­ny gör­kez­di­ler. Ola­ryň gah­ry­man­çy­lyk­la­ry ýur­du­my­za ab­raý, de­re­je, mer­te­be ge­ti­ren mert­lik­ler­den ny­şan­dyr. Hut şo­nuň üçin hem uruş­da gör­ke­zi­len gah­ry­man­çy­lyk, eder­men­lik mil­le­tiň ha­ky­da­syn­da ba­ky orun tut­dy. Ýer ýü­zü­niň halk­la­ry­ny «fa­şizm» at­ly mer­gi­den go­ra­mak ug­run­da­ky sö­weş­ler­de ja­ny­ny gur­ban eden ýüz­ler­çe müň türk­me­nis­tan­ly­nyň hor­ma­ty­ny be­lent tut­mak, di­ri ge­zip ýö­ren uruş we­te­ran­la­ry­ny sar­pa­la­mak ba­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan taý­syz ta­gal­la edil­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne bol­sa, ýurt­da ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýan de­re­je­li iş­le­riň top­lu­my hem do­ly şa­ýat­lyk ed­ýär.
Paý­tag­ty­my­zyň gö­zel kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­nyň bi­na edil­me­gi, ol ýer­de «ba­ky oduň» alaw­lap dur­ma­gy, uruş we­te­ran­la­rynyň pen­si­ýa­la­ry­nyň do­wam­ly kö­pel­dil­me­gi, ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy Wa­tan ger­çek­le­ri­ne be­ril­ýän üns-ala­da­nyň döw­let de­re­je­sin­de­di­gin­den ha­bar ber­ýär.
Mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň gah­ry­man­çy­ly­gy mu­kad­des Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za we tu­tuş adam­za­da ak ýü­rek­den gul­luk et­me­giň nus­ga­lyk mek­de­bi­dir. Şo­ňa gö­rä-de, ga­zap­ly uruş ýyl­la­ry­nyň gü­zap­la­ry, je­bir-je­pa­la­ry, ýe­ti­ren zy­ýa­ny, bu döw­rüň ta­ry­hy­nyň gah­ry­man­çy­lyk­ly sa­hy­pa­la­ry hiç wagt unu­dyl­maz! 1941 – 1945-nji ýyl­la­ryň al­dym-ber­dim­li sö­weş­le­rin­de eder­men­li­giň we gaý­duw­syz­ly­gyň, ba­ky hor­ma­tyň hem-de ebe­di şöh­ra­tyň be­ýik nus­ga­sy­ny dö­re­den gah­ry­man­la­ry­myz kal­by­myz­da ba­ky ýa­şar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, türk­men ze­nan­la­ry uruş ýyl­la­ryn­da Go­ran­mak gaz­na­sy­na köp muk­dar­da gym­mat­ly şaý-sep­le­ri­ni tab­şy­ryp, ha­ky­ky wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi­ni, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan däp­le­ri­ne yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Bi­ziň uly ýaş­ly ne­sil­le­re çäk­siz ho­şal­ly­gy­myz, ola­ryň gah­ry­man­çy­lyk­ly he­re­ket­le­ri ba­ra­da­ky ha­ky­da­myz anyk iş­ler­de be­ýa­ny­ny tap­ýar. Hal­ky­my­zyň «Ölü­si­ni sy­lan beg bo­lar» di­ýen pa­ra­sat­ly söz­le­rin­den ugur al­nyp, her ýyl Wa­tan gah­ry­man­la­ry ýat­la­nyl­ýar we sar­pa­lan­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, hor­mat­ly we­te­ran­la­ry­my­zyň bü­tin dur­kuň bi­len Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des­lik­le­ri­ne uý­mak, ag­zy­bir­li­gi­mi­ziň, je­bis­li­gi­mi­ziň, ab­raý-mer­te­bä­mi­ziň syn­maz­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak, yn­san mer­te­be­si­ni be­lent tut­mak, ak ýü­rek­li, leb­zi ha­lal, zäh­met­sö­ýer, be­lent ah­lak­ly bol­mak, ma­ny­ly ömür sür­mek ba­ra­da­ky öwüt-ün­dew­le­ri­ne hem-de ne­si­hat­la­ry­na eýe­rip, Ber­ka­rar döwletiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de eziz Wa­ta­ny­myz, mäh­ri­ban hal­ky­myz üçin oka­mak, öw­ren­mek, dö­ret­mek, gur­mak, ýur­du­my­zyň dün­ýä do­lan şan-şöh­ra­ty­ny has-da be­len­de gal­dyr­mak bi­ziň mu­kad­des bor­ju­myz­dyr.

Sel­bi ÇER­KE­ZO­WA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.