1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew çy­kyş edip, ha­sa­bat döw­rün­de ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň gul­luk we ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, Mil­li go­şu­nyň dü­züm­le­ri­ne san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy geç­ýän har­by gul­luk­çy­la­ry har­by gul­luk­dan bo­şat­mak we har­by gul­lu­ga ça­gyr­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na­sy­nyň çäk­le­rin­de Mil­li go­şu­ny­my­zyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­dir­mek hem-de ýo­ka­ry hü­när de­re­je­li har­by gul­luk­çy­la­ry taý­ýar­la­mak ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri­ne ra­ýat­la­ry har­by gul­lu­ga ça­gyr­mak we har­by gul­luk­dan bo­şat­mak bo­ýun­ça hä­zir­ki wagt­da do­wam ed­ýän iş­le­riň gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­me­gi­ne berk gö­zeg­çi­lik et­me­gi tab­şyr­dy.
Baş pro­ku­ror B.Mu­ha­me­dow şu ýy­lyň do­kuz aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň ta­la­ba­la­ýyk ber­jaý edi­li­şi­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len gör­len top­lum­la­ýyn çä­re­ler hem-de pro­ku­ror gö­zeg­çi­li­gi­niň we pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ry­ny ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­nun­çy­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň ta­kyk ber­jaý edil­me­gi­ni üp­jün et­mek­de pro­ku­ror gö­zeg­çi­li­gi­ni do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di we bu ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­ri ta­ra­pyn­dan jem­gy­ýet­çi­lik düz­gün-ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek, hu­kuk bo­zul­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­mak, Ýan­gyn howp­suz­ly­gy gul­lu­gy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, içe­ri iş­ler mi­nist­ri­ne ýur­du­myz­da hu­kuk bo­zul­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­mak, ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­nyň we ýan­gy­na gar­şy gö­reş çä­re­le­ri­niň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy B.Ho­jam­gu­ly­ýew ha­sa­bat döw­rün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, şol san­da gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­ri­niň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, bu ugur­da san­ly ul­ga­my, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni or­naş­dyr­mak ba­bat­da gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ge­çi­ri­len iş­ler, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­zy­ýet ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy we Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň ýol­baş­çy­sy­na de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri N.Ata­ga­ra­ýew şu ýy­lyň ýan­war – sent­ýabr aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, de­giş­li dü­züm­ler­de san­ly ul­ga­myň or­naş­dy­ry­ly­şy we mi­nistr­li­gi ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­ti­mi­ziň kons­ti­tu­si­on gur­lu­şy­ny, mil­li howp­suz­ly­gy­ny hem-de bäh­bit­le­ri­ni yg­ty­bar­ly go­ra­mak, mil­li howp­suz­lyk eda­ra­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy.
Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Nu­ry­ýew şu ýy­lyň do­kuz aýyn­da Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des ser­het­le­ri­ni go­ra­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ser­het go­şun­la­ry­nyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, har­by gul­luk­çy­la­ryň, ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ne­ti­je­li gul­luk et­me­gi we ýa­şaý­şy üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des ser­het­le­ri­niň yg­ty­bar­ly go­ra­gy­ny üp­jün et­mek, har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ola­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di we bu ba­bat­da gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now ha­sa­bat döw­rün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, bu dü­zü­mi ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ry­ly­şy, mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­me­giň çäk­le­rin­de tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça döw­let Baştutanymyzyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­ti­miz­de hu­kuk üp­jün­çi­li­gi­ni ama­la aşyr­mak, ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­mak ba­bat­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni nyg­tap, bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew ha­sa­bat döw­rün­de ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­min­de al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, gul­lu­gyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, güm­rük no­kat­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň, hu­su­san-da, ýur­du­my­za ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň bel­le­nen ta­lap­la­ra la­ýyk gel­me­gi­ne gö­zeg­çi­li­giň has-da kä­mil­leş­di­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di hem-de bu ba­bat­da gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Sa­za­kow şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, gul­lu­gyň işi­ne öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni iş­jeň or­naş­dyr­mak, bu dü­zü­mi ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­syn­da ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ge­çi­ri­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, gul­lu­gyň işi­ni döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň, mig­ra­si­ýa ka­nun­çy­ly­gy­nyň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy hem-de gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň howp­suz­ly­gy­ny we bi­te­wü­li­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň, ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­riň gö­rül­ýän­di­gi­ni bel­le­di we bu ugur­da­ky iş­le­riň mun­dan beý­läk-de do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.