1-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda alyp baran işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew çy­kyş edip, Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri al­nyp bar­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň gul­luk, ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, ser­ker­de­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da gö­rül­ýän çä­re­ler, ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy geç­ýän har­by gul­luk­çy­la­ry gul­luk­dan bo­şat­ma­gyň we har­by gul­lu­ga no­bat­da­ky ça­gy­ry­ly­şyň bar­şy ba­ra­da aý­dyl­dy.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Belent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­ti­mi­ziň go­ran­mak uky­by­ny döw­rüň ta­la­by­na gö­rä has-da ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len, Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­zi döw­re­bap­laş­dyr­mak, onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le-de hormatly Prezidentimiz Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri­ne ra­ýat­la­ry ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­ga ça­gyr­mak we har­by gul­luk­dan bo­şat­mak bo­ýun­ça iş­le­riň gu­ra­ma­çy­lyk­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.
Baş pro­ku­ror B.Mu­ha­me­dow şu ýy­lyň ýan­war –
mart aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, şol san­da mil­li ka­nun­çy­ly­gyň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­mak, pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ryn­da san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp bar­lan iş­ler, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da ka­nun­çy­ly­gy we hu­kuk ter­ti­bi­ni pug­ta­lan­dyr­ma­gy he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gyň, ka­nun­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne, ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň üp­jün edi­li­şi­ne pro­ku­ror gö­zeg­çi­li­gi­ni ne­ti­je­li alyp bar­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di hem-de bu ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri­niň şu ýy­lyň üç aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri, ýur­du­myz­da jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek, ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek, hu­kuk bo­zul­ma­la­ry­nyň, ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lan çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­ni üp­jün et­me­giň, ka­nun bo­zul­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň, ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­nyň, ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň düz­gün­le­ri­niň ber­jaý edi­li­şi­ne berk gö­zeg­çi­lik et­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny aýt­dy hem-de mi­nist­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy B.Ho­jam­gu­ly­ýew 2026-njy ýy­lyň üç aýyn­da ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, ka­zy­ýet işi­ni döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gu­ra­mak, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak, ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny üp­jün et­mek ba­bat­da ka­zy­ýet eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ne­ti­je­li do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mil­li ka­zy­ýet ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­me­gi he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­mak, ka­zy­la­ryň bi­lim de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy­na bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri D.Me­re­dow şu ýy­lyň ýan­war – mart aý­la­ryn­da al­nyp bar­lan iş­ler, ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi­ni ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent
Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­ti­mi­ziň mil­li howp­suz­ly­gy­ny we mil­li bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­mek ba­bat­da mi­nist­re bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy I.Ila­ma­now Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des ser­het­le­ri­niň yg­ty­bar­ly go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ser­het go­şun­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň döw­let ser­he­di­niň dost-do­gan­lyk ser­he­di bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di hem-de onuň go­rag­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ser­het go­şun­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ne­ti­je­li do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy.
Ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now şu ýy­lyň ýan­war –
mart aý­la­ryn­da ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri we mi­nistr­li­gi ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, mil­li hu­kuk ul­ga­my­ny hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­dir­mek, hu­kuk kö­me­gi­ni ber­mek we ka­nun­çy­ly­gy dü­şün­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­mek ba­bat­da mi­nist­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew ha­sa­bat döw­rün­de ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, şol san­da gul­lu­gyň dü­züm­le­ri­ne işiň döw­re­bap usul­la­ry­ny, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, güm­rük amal­la­ry­nyň hal­ka­ra ka­da­la­ra hem-de mil­li ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di hem-de bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ne­ti­je­li do­wam et­dir­mek ba­bat­da gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Sa­za­kow 2026-njy ýy­lyň ýan­war – mart aý­la­ryn­da ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri, gul­lu­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, gul­lu­gy ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da mig­ra­si­ýa işi­ni kä­mil­leş­dir­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di hem-de mig­ra­si­ýa ka­nun­çy­ly­gy­nyň ber­jaý edi­li­şi­ni yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­my­zyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň howp­suz­ly­gy­ny we çäk bi­te­wü­li­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň go­ran­mak uky­by­ny ber­kit­mek, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň, ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy hem-de bu iş­le­riň mun­dan beý­läk-de do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di.