Katarda geçirilen “Web Summit” sammitiniň netijeleri boýunça, oňa gatnaşan 69 startap jemi 205 million dollar (173,6 mln ýewro) maýa goýumyny çekmegi başardy. Bu görkeziji häzirki zaman innowasiýalarynyň, esasanam emeli aňyň we robototehnikanyň maýadarlar üçin esasy gyzyklanma merkezine öwrülendigini tassyklady.
Çekilen serişdeleriň uly bölegi, ýagny ,125 million dollary emeli aň we maşyn öwrenmesi ugrundaky taslamalara degişlidir. Maýa goýum reýtinginde beýleki orunlar şunuň ýaly paýlandy: maglumatlar we analitika: 41 million dollar. Finteh (maliýe tehnologiýalary): 26 million dollar.
Umuman alanyňda, sammite gatnaşan ähli taraplar (startaplar, hyzmatdaşlar we spikerler) soňky bir ýylda jemi 28 milliard dollar maýa çekdiler. Sammitde robototehnikanyň diňe bir senagatda däl, eýsem öý we bilim gurşawynda hem täsirini artdyrýandygy görkezildi. “NCT Robotics” kompaniýasy çagalar üçin “dost-robotlary” hödürledi. Bu robotlar çagalara öý işlerini ýerine ýetirmäge kömek edýär we bilim beriji programmalary gönümel öz içine alýar.
“Imec” kompaniýasynyň wekili Maks Mirgoliniň bellemegine görä, tehnologik öwrülişigiň esasynda çipler we ýarymgeçirijiler durýar. On ýyl öň diňe jaň etmek üçin ulanylan telefonlar, şu gün ýarymgeçirijiler we emeli aňyň saýasynda maliýe bazarlaryna gözegçilik edýän, maglumat derňeýän we şahsy kömekçä öwrülen çylşyrymly gurluşlardyr.
“Web Summit Qatar” sammidine gatnaşanlaryň ähli döwürler üçin gazanyp bilen umumy maliýe serişdesi 463 milliard dollara ýetdi. Sammitň ahyrynda orta atylan esasy pikir: tehnologiýalar indi abstrakt geljek däl-de, adamlaryň häzirki durmuşyny, işini we döredijiligini kesgitleýän real guraldyr.