17-nji sentýabrda Awstriýanyň Wena şäherinde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) 69-njy Baş konferensiýasynyň işine gatnaşmagynyň çäklerinde, IAEA-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan «Awaza Programme of Action: Atoms for LLDCs» atly ugurdaş çäre gurnaldy. Çäre 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgustynda Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza şäherçesinde geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça (LLDC3) üçünji maslahatynyň netijelerine bagyşlandy.
Çärä Atom energiýasy boýunça halkara agentligine agza döwletleriniň resmi wekiliýetleri, diplomatik korpusyň wekilleri, şeýle hem IAEA-nyň we FAO-nyň dürli bilermenleri gatnaşdylar.
Çäräniň başynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima ýörite wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.
Duşuşyga gatnaşanlar ýadro tehnologiýalarynyň LLDC ýurtlarynyň ösüşine, ýagny azyk we suw howpsuzlygyndan başlap saglygy goraýyş, howa şertlerine uýgunlaşmak we söwda integrasiýasy ýaly ugurlarda gönüden-göni goşant goşup biljekdigini aýratyn bellediler. Şeýle hem «Awaza Programme of Action: Atoms for LLDCs» atly çäre Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi çaltlandyrmak we 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza Maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda çözgütleri tapmak üçin möhüm meýdança bolandygy nygtaldy.
Mundan başga-da, çäräniň çäginde oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň lukmançylyk pudagynda, hususan-da onkologiýa kesellerine garşy göreş boýunça ýadro tehnologiýalaryny ulanmak babatyndaky tejribesi bilen tanyşdyryldylar. Şol bir wagtda, Aşgabatdaky Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy boýunça Türkmenistanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen oňyn hyzmatdaşlygy bellenildi we bu ugurdaky türkmen tarapynyň tagallalaryna ýokary baha berildi.