Wenada «Ýewrowideniýe-2026» aýdym-saz bäsleşigi geçirilýär

2

10-njy maýda Awstriýanyň paýtagty Wena şäheriniň taryhy ratuşasynda «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň 70-nji tapgyrynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Köp öwüşginli geçen dabarada gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri dabaraly ýöriş bilen çykyp, dünýä jemgyýetçiligine öz medeniýetlerini we sungat başarnyklaryny tanyşdyrdylar.
Medeni gatnaşyklary we halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmäge gönükdirilen bu abraýly bäsleşige bu ýyl dünýäniň 35 döwletinden sungat ussatlary gatnaşýarlar. Bäsleşigiň guramaçylary dabaranyň ýokary derejede geçirilendigini belläp, esasy ünsüň aýdym-saz sungatynyň birleşdiriji güýjüne gönükdirilendigini nygtadylar. Häzirki wagtda hünärmenler tarapyndan Finlandiýanyň, Gresiýanyň we Daniýanyň wekilleriniň çykyşlaryna ýokary baha berilýär.
Medeni çäräniň ýarym final tapgyrlary 12-nji we 14-nji maýda geçirilip, bäsleşigiň ýeňijisi 16-njy maýda geçiriljek uly finalda yglan ediler.