Wengriýa soňky ýyllaryň iň dartgynly saýlaw kompaniýalarynyň birine gadam basýar. Wengriýada parlament saýlawlary 12-nji aprelde geçiriler.
Bu barada “Euronews” habar berýär. 21-nji fewraldan başlap, dalaşgärleriň we olaryň toparlarynyň zerur mukdardaky gollary toplap, saýlaw býulleteninden ýer almaklary üçin bary-ýogy iki hepde wagty bar. Kanun wagyz-nesihat plakatlaryny mugt ýerleşdirmäge rugsat berýär, kömekçi listowkalary bolsa etrap saýlaw komissiýalaryndan alyp bolýar.
Her bir dalaşgär, azyndan, 500 gol toplamaly we olary 6-njy marta çenli saýlaw komissiýasyna tabşyrmaly. Saýlawçylaryň erkine täsir edip biljek islendik iş – plakatlardan we syýasy mahabatlardan başlap, göni aragatnaşyga we çykyşlara çenli saýlaw kompaniýasynyň bir bölegi hasaplanýar.
Pikir soralyşyklar, pikir soralyşygy geçirene baglylykda, dürli partiýalaryň ýeňiş gazanýandygyny görkezýär. Hökümete ýakyn sosiologlar häzirki Premýer-ministr Wiktor Orbanyň ýolbaşçylygyndaky dolandyrýan “Fides” partiýasyna artykmaçlyk berýärler. “Nežopont” instituty “Fidesiň” 46%, bäsdeş “Tisa” partiýasynyň bolsa 40% ses aljakdygyny mälim etdi. Beýleki tarapdan, garaşsyz pikir soralyşyklar “Tisanyň” durnukly artykmaçlygyny görkezýär.
PDF









