12-nji aprelde Wengriýada geçirilen parlament saýlawlarynda Peter Madýaryň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa ugruna eýerýän “Tisa” partiýasy sesleriň agramly bölegini gazanyp, ynamly ýeňiş gazandy. Milli saýlaw edarasynyň sesleriň 72,44 göterimini sanandan soň “Tisa” partiýasynyň ýurduň kanun çykaryjy organyndaky 199 ornuň 138-sine eýe bolandygy belli boldy. Bu görkeziji täze syýasy güýje ýurduň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmäge hukuk berýän agramly köplügi üpjün edýär. Häzirki Premýer-ministr Wiktor Orban ses berişligiň deslapky netijelerini resmi taýdan ykrar edip, ýeňiji bolan partiýany gutlady hem-de özüniň ýolbaşçylyk edýän “Fides” partiýasynyň mundan beýläk hem öz işini dowam etdirjekdigini mälim etdi.
Wengriýanyň häzirki zaman taryhynda iň ýokary görkeziji bolan 74,23 göterim saýlawçy gatnaşygy bilen tapawutlanan bu saýlawlar ýurduň geljekki ösüş ugruny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Syýasy seljerijileriň baha bermegine görä, “Tisa” partiýasynyň gazanan bu üstünligi Budapeştiň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga hem-de ykdysady özgerişleri amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Eýýäm Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we beýleki syýasatçylar wenger halkynyň demokratik saýlawyny gutlap, täze hökümet bilen hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny bildirdiler. Deslapky hasaplamalara görä, häzirki wagtda “Fides” partiýasy 54 orna, “Biziň Watanymyz” partiýasy bolsa 7 orna eýe bolýar. Saýlawlaryň gutarnykly we resmi netijeleri şu hepdäniň şenbe gününe çenli jemlenip, täze düzümdäki parlament öz işine girişer.