22-nji aprelde ABŞ-nyň wise-prezidenti J.D.Wens Hindistana sapar edip, ýurduň Premýer ministri Narendra Modi bilen gepleşik geçirdi. Wens goranmak, söwda we tehnologiýa ugurlaryny iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary diýip baha berdi we hindi hyzmatdaşlaryny söwda päsgelçiliklerini azaltmaga we ABŞ-dan energiýa importyny artdyrmaga çagyrdy.
Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen bolan duşuşykdan soň, Wens geljekki söwda şertnamasynyň esaslaryny tassyklamagy başarandyklaryny belläp, ony “ýiti” gepleşikçi diýip atlandyrdy. Nýu-Deliniň şertnama bolan gyzyklanmasy tötänleýin däl. Amerikanyň Birleşen Ştatlary olaryň esasy söwda hyzmatdaşydyr we ýurtlar 2030-njy ýyla çenli ikitaraplaýyn söwdanyň mukdaryny 500 milliard dollara çenli artdyrmak isleýär.
Ak Tam 2-nji aprelde hindi üpjün edijilerine 26 göterim nyrh girizdi, ýöne soňra 90 günlük arakesme yglan etdi. ABŞ-nyň nyrhlary esasanam oba hojalyk önümleri, bakaleýa, lukmançylyk enjamlary, ýokary tehnologiýaly inženerçilik we şaý-sepler ýaly hindi eksportyna düýpli täsir edýär.
Wens Hindistana eden sapary wagtynda ABŞ-Hindistan hyzmatdaşlygynyň şu ýüzýyllygyň keşbiniň emele gelmeginde möhüm rol oýnajakdygyny aýtdy. “Hindistan bilen ABŞ üstünlikli hyzmatdaşlyk etse, gülläp ösýän XXI asyry göreris” – diýip, Wens belledi.