Arheologlar Wezuwiý wulkany atylandan soň hem Pompeide ýaşaýşyň bolandygyna şaýatlyk edýän subutnamalaryň üstünden bardylar. Kataklizm biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylynda bolup geçýär. Şol wakada şähere uly zeper ýetip, haraba öwrülýär.
Mundan öň diri galanlaryň beýleki sebitlerde mesgen tutandygy çaklanylýardy. Emma başga bir ýerde täze durmuşa başlamaga mümkinçiligi bolmadyklar harabaçylyga gaýdyp gelipdirler. Arheologlar göçüp gelýänlere harabalyklaryň arasyndan gymmat bahaly bir zatlar tapmagy umyt edýänleriň hem goşulandygyny çaklaýarlar. Adamlar şol döwrüň Rim şäherine mahsus bolan infrastruktura we hyzmatlar bolmazdan kyn şertlerde ýaşapdyrlar. Olar adatça, köne jaýlaryň ýokarky gatynda ýaşapdyrlar.
Barlag geçirijileriň bellemegine görä, Wezuwiý atylmazyndan ozal, Pompeide, takmynan, 20 müň töweregi adam ýaşapdyr. Wulkan atylanda şäheriň 15 göterimden 20 göterim aralygyndaky ilaty heläk bolupdyr. Heläkçilige esasan, şäheri gurşap alan ullakan kül we gaz buludy sebäp bolýar. Şeýle-de wulkan ýarylanda zowdyrylyp çykýan ot ýaly gyzgyn ergin binalaryň galyndylaryny we hatda adamlaryň jesetlerini şu güne çenli saklap galypdyr.