“Google” kompaniýasy tekst beýanyndan wideo klipleri döredip bilýän emeli intellekt ulgamy bolan “Imagen Video” atly hyzmatyny köpçülige hödürledi. Netijeler garaşylyşy ýaly bolmasa-da, ulgam tarapyndan döredilen aýlawly kliplerde artefaktlar we ses eşidilÿär. Şeýle-de bolsa, kompaniýa olaryň ösüşiniň “ýokary derejede dolandyrylýan” we dünýäni bilýän, şol sanda dürli görnüşdäki klipleri döretmek ukybyna eýe bolan ulgama tarap ädimdigine ynanýar.

“Google” gözleg toparynyň düşündirişi ýaly, ulgam tekst düşündirişini alýar we sekuntda üç kadrda 16 çarçuwaly wideo we 24-den 48 piksel durulykda wideo döredýär. Soňra ulgam goşmaça çarçuwalary ölçäp, “çaklaýar”, 720p (1280×768) 24 fps-da 128 kadr wideo öndürýär.

“Imagen Video” 14 million suratlandyryjy wideo we 60 million surat, şeýle hem LAION-400M köpçülige açyk şekil-tekst maglumat bazasy boýunça tälim aldy. Synag arkaly, algoritmiň Wan Goguň suratlary we akwarel stilinde wideo döredip biljekdigine göz ýetirdiler. Mundan başga-da, emeli intellekt giňişligiň çuňlugyna we üç ölçegliligine düşünýändigini görkezdi. Bu oňa orbitany we dürli burçlardan zatlary ýoýmazdan düşürýän pilotsyz görnüşli wideo döretmäge mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda bar bolan şekil döretmek ulgamlaryndan belläp geçmeli möhüm öňegidişlik, hyzmatyň teksti dogry görkezip biljekdigidir. Geçen ýyl tekst aňlatmalaryny okalýan tekste öwürýän “DALL-E 2” atly “öwrenmäge ukyby bolan” programma döredilipdi. “Imagen Video” bolsa, tekstden wideo döredýär.

Hiwaly Hümmedow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy