Beýik Britaniýanyň öňki Premýer-ministri Uinston Çerçiliň äýnegi satuwa çykaryldy. Onuň başlangyç bahasy 59,9 müň funta deň diýip, auksionyň web sahypasynda habar berilýär. Aksessuar 1954-nji ýylda ýasalyp, Çerçil ony hökümet Başlygynyň ikinji möhletinde işjeň ulandy. Auksionda äýnegiň ýagdaýynyň gowydygy we “iň ýokary derejeli hususy kolleksiýalar üçin hakyky muzeý sergisini görkezýändigi” bellenildi.
Uinston Çerçil 1940-1945 we 1951-1955-nji ýyllarda Premýer-ministr wezipesini eýeläp, Beýik Britaniýa, ABŞ we Sowet Soýuzynyň arasynda Gitlere garşy koalisiýa döretmekde möhüm rol oýnady.