Adam bedenine witamin zerurlygy onuň ýaşyna, jynsyna, saglyk ýagdaýyna bagly bolup durýar. Käbir nähoşluklary bolan adamlar käbir witaminlere has köp zerurlyk duýýarlar. Witaminleriň we mineral maddalaryň saglyk üçin peýdalydyr. Olaryň käbirini bedeniň özi öndürýän bolsa, käbirini daşyndan kabul etmeli bolýar. Her witaminiň we mineralyň başgaça peýdasy bolýar. Şol sebäpli düzüminde witamin bolan iýmitler hem şoňa görä iýilmeli. Bu ýagdaý minerallar üçin hem şeýledir. Iýmit sanawynda hemişe täze miwe we gök önümler, däneli önümler we et bolsa, adatça adam bedeni gerekli witaminleri we minerallary kabul edip alýar. Adatça her gün düzüminde C witamini bolan iýmit iýmek maslahat berilýär. E witamini ýaşyl ýaprakly ösümliklerde, ýagly çigitlerde, şolardan alnan iými önümlerinde, gaty gabykly ir-iýmişlerde bolýar.
Bedende käbir witaminleriň ýa-da minerallaryň ýetmezçilik etmegi käbir nähoşluklaryň döremegine sebäp bolup bilýär. Mysal üçin, kaliý süňkleriň ösmegine peýda edýär. Şol sebäpli ösüp barýan çagalara düzüminde kaliý bolan iýmitleri ýeterlik möçberde iýmek maslahat berilýär. A we C witaminleri adam bedeniniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrýar.
Aýbölek Perdäýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.