Germaniýanyň “Siemens Mobility” kompaniýasy wodorod ýangyjy bilen otlulary öndürmegi maksat edinýär. Nusgalyk görnüşde öndüriljek otlular 2023-nji ýylda synagdan geçirilip başlanar. Synag üçin öndürilen otly Augsburg-Füssen aralygynda gatnar. 2024-nji ýylyň başynda bolsa, doly taýýar ediljek otly ýolagçy gatnawlarynda peýdalanylar. Hiç hili zyýanly gazy bölüp çykarmaýanlygy sebäpli wodorod ýangyjy howany hapalamaýar. Soňky ýyllarda “Siemens”-den başga-da birnäçe kompaniýa wodorod ýangyçly otlulary öndürmegiň aladasyny edýär. Gündogar Ýaponiýa demir ýol edarasy hem-de fransuz “Alstom” kompaniýasy hem bu ugurda dürli taslamalary durmuşa geçirýär. “Alstom”-yň wodorod ýangyçly otlulary häzirki wagtda Germaniýada we Awstriýada ýolagçy gatnawynda peýdalanylýar.

Awtoulagyň wodorod ýangyçly görnüşini bolsa, häzirlikçe diňe “Toyota” öndürýär. Şeýle-de bolsa ululy-kiçili beýleki şereketler hem bu ugurda işleýärler.

Awiasiýa pudagynda hem wodorod ýangyjyndan peýdalanmak göz öňünde tutulýar. “Airbus” kompaniýasy 2020-nji ýylyň sentýabrynda “gibrid-wodorod” ýangyçly uçary öndürjekdigini mälim edipdi. Bu uçaryň 2035-nji ýylda hyzmata hödürlenmegine garaşylýar.