Wýetnam ýurduň ilkinji erkin söwda zolagyny döreder. Bu zolak merkezi sebitiň esasy tehnologik we syýahatçylyk merkezleriniň biri bolan Danang şäherinde ýerleşer. Bu barada “Kommersant” neşiri habar berdi.
Hökümet bu taslamanyň ýurduň ykdysady ösüşiniň hereketlendirijisine öwrülmegine, ýurdy strategik maksadyna golaýlaşdyrmaga hem-de 2045-nji ýyla çenli ýokary girdejili ýurtlaryň kategoriýasyna goşulmak maksadyna ýetmäge ýardam bermegine bil baglaýar.
Zolak 1,881 gektar meýdany eýeleýär. Bu ýerde işlejek kompaniýalar ýeňilliklere eýe bolup, oňa esasan, salgyt ýeňillikleri, ýeňillikli ýer kärendesi we ygtyýarnama almak ýaly ýönekeýleşdirilen administratiw amallar girýär.
Wýetnamyň Premýer-ministriniň Fam Min Tiniň belleýşi ýaly, “Erkin söwda zolagynyň döredilmeginiň uzak möhletli maksady, esasan, dünýä derejesinde hem-de Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde üpjünçilik zolaklaryny döretmekden, önümçilik merkezini we harytlar üçin global üstaşyr merkezini kemala getirmekden ybaratdyr.
Şeýle hem şäheri halkara maliýe merkezine öwürmek meýilleşdirilýär.