29-njy ýanwarda Hanoýda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Wýetnam we Ýewropa Bileleşigi ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak barada karar kabul etdiler. Bu barada metbugat maslahatynda WSR-niň (Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň) Prezidenti Lyong Kyong we Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antonio Koşta mälim etdiler diýip, «Wýetnamyň sesi» radiosynyň daşary ýurtlara ýaýlyma beriş gullugy habar berýär.
Kyong erkin söwdany saklamak we berkitmek, bazarlara elýeterliligi üpjün etmek we olary giňeltmek üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny bildirdi. Ýurt Wýetnam bilen ÝB-niň arasyndaky Erkin söwda baradaky ylalaşygy (EVFTA) berjaý etmäge we taraplaryň arasyndaky Söwdany goramak baradaky ylalaşygyň (EVIPA) tassyklanmagynyň (ratifikasiýasynyň) tiz wagtda tamamlanmagyna ýardam bermäge meýillidir.
«Wýetnam ÝB-ni deňiz ykdysadyýeti ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, balykçylygy durnukly ösdürmekde Wýetnamy goldamaga we ýurduň deňiz önümlerine goýlan “sary kartany” tiz wagtda aýyrmaga çagyrýar. Şeýle hem Wýetnam ÝB-niň kärhanalarynyň özara bähbitli bolan täze we möhüm pudaklara maýa goýmagyny makullaýar» – diýip, radioýaýlym Kyongyň sözlerini getirýär. Prezident munuň, ilkinji nobatda, «sanly transformasiýa» we «energetika geçişi» bolup durýandygyny belledi.
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Wýetnamyň ÝB-niň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk ýola goýan Günorta-Gündogar Aziýadaky birinji ýurdudygyny nygtady. Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý Wýetnamyň ÝB-niň syýasatyndaky ornuny, şeýle-de söwda, energetika, deňiz pudagy, goranmak we howpsuzlyk ýaly dürli ugurlarda taraplaryň ägirt uly hyzmatdaşlyk mümkinçiligini aýdyň görkezýär.
Wýetnam we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1990-njy ýylyň 28-nji noýabrynda ýola goýuldy.
PDF









