Wýetnamyň paýtagty Hanoý şäherinde geçirilýän Milli ýygnagyň 16-njy çagyrylyşynyň birinji sessiýasynda ýurduň täze Premýer-ministri wezipesine Le Min Hung saýlandy. Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy bolup işlän Le Min Hungyň dalaşgärligini halk wekilleriniň 495-si tarapyndan biragyzdan goldandy. Täze hökümet Baştutany 2031-nji ýyla çenli, ýagny bäş ýyl möhlet bilen bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirer.
Ýurduň VNA döwlet habarlar agentliginiň maglumatyna görä, Le Min Hung dabaraly ýagdaýda kasam kabul edip, Watana, halka we ýurduň Konstitusiýasyna wepaly boljakdygyna, şeýle hem partiýa we döwlet tarapyndan ynanylan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirjekdigine söz berdi. Bu saýlaw ýakynda ýurduň Prezidenti wezipesine To Lamyň saýlanmagyndan soňra, döwlet dolandyryşyndaky möhüm özgerişlikleriň dowamy boldy.
1970-nji ýylda Hatin welaýatynda dünýä inen 55 ýaşly Le Min Hung, döwlet syýasaty boýunça magistr derejesine eýedir we fransuz dilini kämil bilýär. Ol ozal Wýetnamyň Döwlet bankynyň başlygy bolup işläp, 46 ýaşynda bu edara ýolbaşçylyk eden iň ýaş ýolbaşçy hökmünde taryha giripdi. Şeýle hem ol Kompartiýanyň MK-synyň kanselýariýasynyň başlygy wezipesinde uly tejribe toplady. Täze Premýer-ministr döwlet dolandyryşyndaky baý tejribesi bilen ýurduň geljekki bäş ýyllyk ösüş meýilnamalaryny amala aşyrmaga ýolbaşçylyk eder.