Ýumşak orangutan oýunjagyny özüne “ene” edinen Panç atly makaka maýmynynyň meşhurlygy IKEA-nyň bu oýunjaklaryna bolan islegini barha artdyrdy. Sebäbi, Panç özüniň gaýgyly hekaýaty bilen dünýä meşhur boldy. Gürrüňi edilýän Makaka maýmynjygynyň çagasy Tokionyň golaýyndaky Itikawa haýwanat bagynda 2025-nji ýylyň iýul aýynda dünýä indi. Emma ol öz enesi tarapyndan ret edildi. Bu ýeriniň işgärleri enesiz galan ýalňyz maýmynjyga gynanyp, oňa mämişi reňkli ýumşak orangutan oýunjagyny “ene” hökmünde berdiler. Ýalňyz Panç ene mährine zar bolansoň, ony hiç wagt ýanyndan aýyrman gujaklap gezdi. Bu oýunjak ýalňyzlygy ýeňip geçmegiň nyşanyna öwrüldi. Pançyň hereketleri internet ulanyjylaryň ünsüni diýseň özüne çekdi. Şol günden bäri hem IKEA bu ýagdaýy mahabat mümkinçiligi hökmünde ulanmak bilen, bu oýunjagyň adyny “Pançyň orangutany” diýip atlandyrdylar. Pançyň täsirli wakasy bilen eýýäm Ýaponiýada, ABŞ-da we Günorta Koreýada orangutan oýunjaklary satylyp gutardy. Arzyly oýunjak öňden bäri hem dürli bazarlarda iň köp isleg bildirilýän önümleriň biri bolup, Ýaponiýada bolan bu täsin wakadan soň onuň häzirki wagtdaky meşhurlygy has-da artmagyna we güýçlenmegine sebäp boldy. Kompaniýanyň wekilleri Hawýer Kinýones we Karin Blind Pedersen öz öndüren ýumşak orangutanlarynyň Pança mähir we rahatlyk berýändigine diýseň tolgunýandyklaryny uly buýsanç bilen belleýärler.

Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.