Alymlaryň täze barlaglaryna görä, adamyň töwereginde adamlaryň sany däl-de, özüni nähili duýýandygy saglyk ýagdaýyna has güýçli täsir edýär. Subýektiw ýalňyzlyk duýgusy ýürek we öýken keselleriniň, hatda wagtyndan öň ölmegiň esasy sebäpleriniň biri hökmünde kesgitlenildi.
Kornell uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen we “JAMA Network Open” žurnalynda çap edilen barlag “sosial asimmetriýa” diýlip atlandyrylýan ýagdaýy ýüze çykardy. Bu ýagdaý adamyň hakyky sosial gatnaşyklary bilen onuň içki ýalňyzlyk duýgusynyň arasyndaky tapawudy aňladýar. Barlaglaryň görkezişi ýaly, köpçülik içinde bolup, özüni ýalňyz duýýan adamlar iň uly töwekgelçilik toparyna degişlidir.
Barlagyň awtory, professor Entoni Onyň aýtmagyna görä, diňe bir tanyşlaryň sanyny köpeltmek bilen ýalňyzlyk meselesini çözüp bolmaýar. Iki adam meňzeş şertlerde ýaşap bilse-de, olaryň bu ýagdaýy kabul edişi saglygyna dürliçe täsir edýär. Mysal üçin, sosial taýdan çetleşdirilen (az gatnaşykly), emma muňa garamazdan özüni ýalňyz duýmaýan “sosial durnukly” adamlaryň saglygynda hiç hili uly töwekgelçilik ýüze çykarylmady.
Töwekgelçilik toparyndaky adamlar (özüni ýalňyz duýýanlar), esasan, ýürek-damar we dowamly öýken kesellerine has ýygy sezewar bolýarlar. Mundan başga-da, “Nature Communications Psychology” žurnalyndaky barlag hroniki ýalňyzlygyň adamy psihologik taýdan has hem çetleşdirýändigini, täze gatnaşyklary “howp” hökmünde kabul etmäge mejbur edýändigini subut etdi.
Bütindünýä Saglygy Gorayiş Guramasynyň (BSGG) maglumatyna görä, dünýä ilatynyň 16 göterimi ýalňyzlykdan ejir çekýär. Lukmanlara edilýän her bäşinji ýüz tutmanyň asyl sebäbi kliniki däl-de, eýsem sosial ýalňyzlyk ýa-da maddy kynçylyklar bilen baglanyşyklydyr.
Bu meseläni çözmek üçin Beýik Britaniýa ýaly ýurtlar eýýäm “sosial derman ýazmak” (social prescribing) usulyny ulanýarlar. Lukmanlar dermanlaryň ýerine hassalary meýletinçilik işlerine, bagbançylyk ýa-da gezelenç toparlaryna ugradýarlar. 2026-njy ýylyň martyndan başlap, BSGG bu tejribäni beýleki ýurtlarda hem ornaşdyrmak üçin ýörite merkez döreder. Alymlaryň pikiriçe, ýalňyzlyga garşy göreş diňe bir adamlary birleşdirmek däl, eýsem olaryň dünýä bolan garaýşyny üýtgetmekden ybaratdyr.