Ýangynlaryň aglabasy adamlaryň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bozýandyklary zerarly ýüze çykýar. Döräp biljek ýangynyň öňüni almak üçin ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek zerur bolup durýar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy gullugy ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmek we ýangyn hadysasy ýüze çykanda onuň garşysyna göreşmek üçin şulary maslahat berýär.
Ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyjy we gyzdyryjy enjamlary ulanmazdan öň olaryň tüsseçykarlaryny gurumlardan arassalamaly. Gaz bilen işleýän ýyladyjy enjamlar ulanylanda, gaz enjamlaryny ýerzemin otaglarynda ornaşdyrmak, çalşyrmak, bejeriş-abatlaýyş işlerini geçirmek, gaz enjamlarynyň howpsuzlyk we sazlaýjy ulgamlaryny özbaşdak aýyrmak, gaz enjamlaryny işläp duran wagtynda gözegçiliksiz galdyrmak, gaz enjamlarynyň ulanyş düzgünlerini bilmeýän adamlara gaz enjamlaryndan peýdalanmaga rugsat bermek, gaz enjamlary gurnalan otaglarda ýatmak, dynç almak, şeýle-de gaz syzmalaryny ýüze çykarmak üçin açyk ody ulanmak (gazyň syzmaklygyny diňe sabynyň köpürjigi bilen anyklamak bolar), ýanyp duran gaz enjamynyň töwereginde ýanyp biljek zatlary guratmak, ýanyp duran gaza suwuklygyň dökülmegine ýol bermek hem-de çagalara ot bilen baglanyşykly ýumuşlary buýurmak gadagan edilýär.
Ýangynyň islendik görnüşi ýüze çykanda ýa-da tüssäniň ysy duýlanda, telefon arkaly 01, el telefonyndan 001 belgä jaň edip habar bermeli. Öz güýjüňiz bilen ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleriniň ýa-da suwuň, çägäniň, gumuň, keçäniň, syk dokalan matanyň kömegi bilen ýüze çykan ýangyny söndürmäge synanyşmaly. Ýüze çykan ýangyny öz güýjüňiz bilen söndürmek başartmasa, onda haýal etmän öýden çykmaly. Öýden çykanyňyzda gapyny gulplaman, berk ýapmaly, lifti ulanmaly däl. Öýüň elektrik toguny we gaz akdyryjysyny öçürmeli. Öýde dörän ýangyna howa baryp, güýjemezligi üçin penjireleri döwmek, gapyny açyp goýmak bolmaýar. Ýangyn söndüriji topary garşylamak we ýangynyň dörän ýerine iň amatly ýol bilen alyp gelmek üçin bir adamy ugratmaly. Elektrik togy bilen işleýän enjamlarda ýangyn dörände, haýal etmän elektrik birikdirijisini aýyrmaly ýa-da umumy elektrik toguny öçürmeli we şondan söň dörän ýangyny söndürmäge girişmeli.
Ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmäge borçludyr. Janymyza, saglygymyza, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine maddy zyýan ýetirýän gözegçiliksiz otdan seresap bolalyň.
Yhlas Miriýew,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň döwlet ýangyn gözegçilik bölümçesiniň müdiri-uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.
PDF









