Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi geçen taryhy döwrüň içinde tomaşaçylaryň çäksiz söýgüsini gazandy. Abraýly bäsleşigiň Balkan welaýaty boýunça ýylyň-ýylyna guralýan tapgyry hem her gezek guwandyryjy netijelere beslenýär.
Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki seýilgähde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat boýunça jemleýji tapgyryna onuň etrap-şäherlerdäki deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 34 ýyllyk baýramynyň şanyna guralýan bäsleşik aýdym-saz muşdaklary üçin ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary peşgeş berdi. Höwesjeň aýdymçy ýaşlar bu ýerde tomaşaçylaryň, talapkär emin agzalarynyň öňünde diňe bir türkmen mukamçy kompozitorlarynyň däl, eýsem, dünýäniň dost-doganlyk halklarynyň aýdymlaryny hem ussatlarça ýerine ýetirdiler.
Bäsleşige gatnaşan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, aýdymlaryň döwrebaplygy, milliligi, çeperçilik derejesi hem emin agzalarynyň adalatly bahalarynda möhüm orun eýeledi. Çäksiz şatlyk-şowhunda geçen bäsleşigiň jemleýji pursatlary hasam gyzykly, tolgundyryjy boldy. Şeýlelikde, bäsleşikde has tapawutlanan ýaş aýdymçylardan welaýatyň Esenguly etrabynyň harby wekilliginiň gözegçisi Ýunus Aşyrdurdyýew, Gyzylarbat etrabynyň Tutly obasynyň ýaşaýjysy Öwezmyrat Ataýew «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere ter gül desseleri, gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Täsirli, şowhunly geçen bäsleşik oňa gatnaşan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň bilelikde ýerine ýetiren aýdymy bilen jemlendi. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne bolan egsilmez ýürek buýsanjynyň beýanyna öwrülen ajaýyp aýdym bagtyýarlygyň waspy bolup ýaňlandy.