31-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar-оktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 17-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Mundan başga-da, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi. Şu döwürde Mejlisiň kararlarynyň 18-si kabul edildi.
PDF









