4-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň ýanwar—fewral aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişi 10,7 göterim ýokarlandy.

Ýanwar—fewral aýlarynyň netijeleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy boýunça 30,7 göterim artdy.

Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 106,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,9 göterim berjaý edildi.

Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk iş haky 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim artdy. Aýlyk iş haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary doly möçberde maliýeleşdirildi.

Rejelenen Milli oba maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 101 sany durmuş maksatly desgalaryň, suw arassalaýjy desgalaryň 35-siniň, 326 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de düzümleýin ulgamlaryň gurluşygy alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde dünýä ykdysadyýetindäki häzirki ýagdaýlary hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleri güýçlendirmelidigini belläp, sanly ulgama geçmek, desgalary hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak barada kabul edilen maksatnamalar boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz döwlet edaralarynyň sanly ulgama goşulmagyny güýçlendirmegiň möhümdigi barada aýdyp, dürli döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşe geçirmegi hem çaltlandyrmagy tabşyrdy. Şundan ugur alyp, şu ýyl üçin, gerek bolsa, bellenen görkezijilere düzediş girizmegiň we çaklamalary taýýarlamagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere milli ykdysadyýetimizdäki işleriň ýagdaýyna seljerme geçirmegi tabşyrdy.