Türkmen-ýapon gatnaşyklary görkezýän ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Şol gatnaşyklar möhüm ugurlaryň ählisi, şol sanda ylym we bilim ulgamynda hem okgunly ösdürilýär. Bu ulgamlaryň kämilleşdirilmegi bolsa iki dostlukly ýurduň ösüşiniň esasy maksatlaryna laýyk gelýär.

2017-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Sukuba uniwersitetiniň rektory jenap Nagata Kýosukeni kabul etdi. Şonda hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň iri uniwersitetiniň ýolbaşçysynyň şu saparynyň ylym ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, ýokary derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň işgärleri taýýarlamak, şol sanda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýapon hünärmenleriniň okatmagynyň dürli ulgamlaryň işgärleri üçin okuwlary hem-de tejribe alyşmagy guramagyň hasabyna taýýarlamak babatda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähli amatly şertleri döredýändigini belledi. 2013-nji ýylda Sukuba uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ylmy alyşmalar hem-de hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga gol çekildi. Munuň özi diňe bir ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmaga däl, eýsem, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem ýardam etdi.

2016-njy ýylda Aşgabatda açylan täze ýokary okuw mekdebiniň – Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň işini ilerletmekde ysnyşykly gatnaşyklar ylym-bilim ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolup durýar.

Ýaponiýa bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde ýapon dilini öwrenmäge uly ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Ýapon dilini okatmak diňe dil bilen baglanyşykly ýokary okuw mekdeplerinde däl, eýsem, tehniki, ykdysady we beýleki ugurly ýokary okuw mekdeplerinde hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň birnäçesinde ýola goýulýar.

Ýurdumyzda ylym bilen baglanyşykly döwrebap önümçilikleriň giňelmegi hem-de iri ýapon işewürliginiň Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy bilen baglylykda şeýle hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýe bolýar. Durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Iri senagat toplumlarynyň – Maryda ammiak we karbamid öndürýän zawodyň, Balkan welaýatynda, Garabogazda karbamid dökünlerini çykarýan kärhananyň, Gyýanlyda polietilen hem-de polipropilen öndürýän toplumyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa awtomobil ýangyjyny öndürýän zawodyň gurluşygynyň amala aşyrylandygyny, şeýle hem şu ýylyň sentýabrynda açylyp ulanmaga berlen Lebap welaýatyndaky täze döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýasyny mysal hökmünde görkezmek bolar.

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy, 2013-nji we 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa amala aşyran resmi we iş saparlary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda uly ähmiýetli wakalar boldy. 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe resmi sapar bilen ýurdumyzda boldy. Bu saparlaryň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar babatynda Günüň dogýan ýurdunyň Türkmenistanyň esasy maýa goýum hyzmatdaşlarynyň biridigini bellemek gerek. Ýurdumyzda iri ýapon kompaniýalary bilen bilelikdäki uzak möhletleýin taslamalar durmuşa geçirildi we geçirilýär.

Soňky ýyllarda özara ynanyşmak, oňyn häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny bellemek gerek. Yzygiderli geçirilýän işewürler duşuşyklary hem-de forumlar, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň mejlisleri munuň subutnamasydyr, şeýle duşuşyklar onuň ägirt uly mümkinçilikleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Ejima Kiýoşi bilen duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda dostluk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alyp maslahatlaşyldy.

Ýaponiýaly işewürler okgunly ösýän türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge, ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň hem-de täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler.

Ýurdumyzda senagatlaşdyrmaga hem-de ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ylma esaslanýan ýokary hilli, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegine gönükdirilen önümçilikleriň döredilmegini ugur edinýändigini nazara almak bilen, ägirt uly mümkinçilikler bar.

Bägül AGANAZAROWA,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji-mugallymy.