Ýaponiýa zenanlaryň arasynda ömrüň dowamlylygy boýunça 40-njy gezek dünýä rekordyny goýdy. Geçen ýyl ýapon zenanlarynyň ortaça ýaşy 87,13 ýyl bolupdyr. Ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumtyna görä ýapon erkekleri ömrüň dowamlylygy boýunça (81,09 ýyl) dünýäde altynjy orunda durýar. Ondan öň Şwesiýa, Şweýsariýa we Norwegiýa bar.
Maglumata görä, ömrüň dowamlylygynyň görkezijileri geçen ýyl bilen deňeşdirilende erkeklerde hiç hili üýtgemedi, zenanlaryň arasynda bolsa 0,01% ýyl artyk boldy.